Türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Parahatçylyk sazy, dostluk, doganlyk sazy» atly kitabynda şeýle sözler bar: «Filmiň sazyny döreden Nury Halmämmedow hem türkmen sungatynda müdimi ýadygärlik galdyrdy. Nury Halmämmedow çaksyz zehinli milletiň ruhy taýdan belentligini saz bilen dünýä çykardy. Şeýdibem özüne-de, halkymyza-da adamzat gymmatlygyndan miras goýdy».
27-28-nji oktýabrda geçirilmegi meýilleşdirilen Aşgabatda, Arkadag şäherinde we ýurdumyzyň welaýatlarynda tanymal türkmen kompozitory Nury Halmämmedowyň doglan gününiň 85 ýyllygyna bagyşlanan «Mukama siňen ömür» atly festiwal halkymyzyň baý medeniýetiniň ýüze çykmasydyr. Baý mazmunly bu festiwalyň maksatnamasy konferensiýalary, sergileri, konsertleri we drama oýunlaryny öz içine alar. Meýilleşdirilen çäreleriň çäginde kompozitoryň şahsyýeti we döredijiligi barada resminamalaýyn film görkeziler.
Tebigy taýdan ýiti zehini bolan adamlar halkyň taryhynda öçmejek yz galdyrýar. Ölmez-ýitmez saz eserleri bilen ynsanlaryň kalbynda orun alan ussat kompozitorlaryň biri hem Nury Halmämmedowdyr. Kompozitor ýaşlyk ýyllarynda ençeme saz eserlerini döredip, türkmen saz sungatyny dünýä tanatmakda uly işleri bitirdi.
Kompozitor çagalykda ene-atadan jyda düşüp, çagalar öýünde terbiýelenýär. Nury Halmämmedowyň saz sungatyna bolan höwesi, aýratyn ýiti zehini birnäçe sazlaryň döremegine getirýär. Ol bilimini has-da kämilleşdirmek maksady bilen, ozalky Aşgabat sazçylyk uçilişesine okuwa girýär. Şol ýerde okaýarka birnäçe ajaýyp saz eserlerini döredýär. Ýaş talybyň şeýle ussatlyk bilen ýerine ýetirýän sazlaryna, döredýän eserlerine ýokary baha beren uçilişäniň mugallymlary Nury Halmämmedowy ýokary bilim almak üçin Çaýkowskiý adyndaky Moskwa döwlet konserwatoriýasyna okuwa ýollaýarlar. Ol bu ýerde okan döwürleri 30-a golaý saz eserini döredýär. Talypka oňa «Şükür bagşy» filminiň sazyny döretmegi ynanýarlar. Filmiň şowly çykmagynda ýaş zehiniň eseriniň mynasyp paýy bardyr.
Ýaş sazandanyň diplom işi hökmünde ýazan «Türkmenistan» atly simfoniki eseri Bütinsoýuz Telewideniýe we radiosynyň Uly simfoniki orkestriniň ýerine ýetirmeginde ýaňlanýar. Görnükli türkmen sazandasy Mylly Täçmyradowa bagyşlan «Dutaryň owazy» atly meşhur fortepiano pýesasy onuň talyp döwürlerinde döreden saz eserlerinden iň şowly çykanlarynyň biri hasaplanýar.
Nury Halmämmedowyň eserleriniň arasynda «Aýgytly ädim», «Keçpelek» kinofilmlerine ýazan sazlary aýratyn orny eýeleýär.
Aýbölek ARTYKMURADOWA,
TDP-niň Köýtendag etrap komitetiniň statisti.