Meşhur fransuz brendi bolan «Louis Vuitton» modalar öýi «Myriad» atly täze hoşboý ysly atyr toplumyny hödürledi. Maglumatlara görä, toplumyň bir hoşboý ysyň bahasy 670 dollar. Toplum üçin 47,1 müň dollar tölemeli: ol Les Extraits kolleksiýasynyň alty sany atyryndan ybarat bolup, olar toplumda brendiň öz gutusyna gaplanan.
Tapgyryň iň soňkusy Assam agajynyň notalaryny, bägüli, şafrany, kakaony, ak müşki we moh ysly görnüşlerini tapyp bilersiňiz.
Hoşboý yslar öň «Dior», «Givenchy» hem-de «Lancome» bilen hyzmatdaşlyk eden müşkçi Žak Kawallýe Belletrud tarapyndan döredilendir. Pritsker baýragynyň eýesi, arhitektor Frenk Geri çüýşäniň esasy aýratynlyklaryndan birine öwrülen «howaly» metal gapagynyň üstünde işledi.
«TürkmenGazet».