26-njy oktýabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Türkiýe Respublikasyna amala aşyrýan ilkinji resmi saparyny bu dostlukly döwletiň düýbüni tutujy we ilkinji Prezidenti Mustafa Kemal Atatürküň Ankarada ýerleşýän aramgähine gül goýmakdan başlady. Munuň özi türk halkynyň milli gahrymanyna bildirilen hormatyň nyşanydyr.
Irden ýadygärlik toplumyna gelende, belent mertebeli türkmen myhmanyny Türkiýäniň resmi adamlary garşyladylar. Şeýle-de bu ýerde ýurdumyzyň wekiliýetiniň agzalary ýygnandylar.
Hormatly Prezidentimiz Atatürküň guburynyň öňündäki ýörite bellenen ýerde gül desselerini goýmak bilen, doganlyk türk halkynyň liderini hatyralady. Soňra döwlet Baştutanymyz toplumyň Misak-i milli (Milli ylalaşyk) binasyna baryp, Hormatly myhmanlar kitabynda ýadygärlik ýazgy galdyrdy.