Şu ýyl 36-njy gezek geçirilýän Ýaponiýanyň meşhur halkara kino çärelerinden biri bolan Tokio halkara film festiwaly (TIFF-JP) öz işine başlady. Bu barada «ntv.com.tr» habar berýär.
Ýerli hem-de daşary ýurtly režisissýorlarydyr aktýorlarynyň gatnaşmagynda Ýaponiýanyň paýtagty bolan Tokionyň Hibiýa meýdançasynda başlanan 36-njy Tokio halkara film festiwalynda kino äleminiň ýyldyzlar gyzyl halydan geçdiler.
Festiwalyň ilçisi bolan ýapon aktrisasy Ando Momoko festiwala gatnaşyjylara Tokiony başdan geçirmek üçin ajaýyp mümkinçilige eýe bolandyklaryny nygtady. Baş baýrak ugrunda 114 ýurtdan we sebitden iberilen 1900-den gowrak arzadan saýlanan 15 film baş baýragy gazanmak ugrunda bäsleşer.
Festiwalda ýapon eserleridir filmleri ünsi özüne çekýär. Festiwalyň çäginde film söýüjilere 200-den gowrak filmler hödürlener. TIFF şu ýylyň 1-nji noýabrynda öz işini tamamlar.
Eziz EMINOW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň Halkara žurnalistikasy fakultetiniň 3-nji ýyl talyby.