Ýaňy-ýakynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde «Euronews» Ýewropa habar beriş teleýaýlymynyň wekiliýeti bilen gepleşikler geçirildi. Duşuşykda Daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa we teleýaýlymyň satuw we hyzmatdaşlyk boýunça wise-prezidenti Silwian Žan Iw Rože soňky 10 ýylyň dowamynda ýola goýlan netijeli hyzmatdaşlygy we onuň çäginde Türkmenistanda bolup geçen möhüm wakalary şöhlelendirmek üçin durmuşa geçirilen birnäçe taslamalar babatynda bellediler.
Halkara maglumat giňişliginde uzak möhletli hyzmatdaşlyga gönükdirilen meýilnamalar beýan edilip, şol bir wagtyň özünde Ýewropa teleýaýlymynyň wekilleri bilelikdäki çäreleri güýçlendirmäge we özara gatnaşyklaryň täze görnüşlerini ösdürmäge taýýardyklaryny mälim etdiler. Şeýlelikde, taraplar duşuşygyň netijesinde gol çekilen Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we aragatnaşyk agentliginiň «Türkmenaragatnaşyk» agentligi bilen «Euronews» kompaniýasynyň arasyndaky Hyzmatdaşlyk hakynda Ylalaşygynyň durmuşa geçirilmeginiň bentleri bilen bagly meseleler boýunça pikir alyşdylar.
Döwletgeldi ANNAÝEW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň Halkara žurnalistikasy fakultetiniň talyby.