Her gülüň ysynyň aýry bolşy ýaly, her paslyň hem özüne mahsus gözelligi, aýratynlygy bar. Güýz — bereketliligiň pasly. Şonuň üçin hem güýz biziň aňymyza zähmetsöýerlik bilen berk baglylykda ornaşypdyr. Sebäbi bu gyşa taýýarlyk döwri bolup, munda ýetişdirilen hasyly zaýasyz ýygnamagyň ýakymly aladalary gaýnap joşýar.
Güýz pasly ýylyň iň syrly wagtydyr. Ol mylaýym şemaly bilen duýdansyz gelýär. Güýz paslynyň başlanmagy bilen hemme zat hakykatdanam syrly bolýar. Ýylyň bu wagty, edil suratkeşler ýaly tebigat özüniň owadan reňkleri bilen bürenýär. Güýz pasly barada Gurbannazar Ezizowyň “Güýz” atly sonetler çemeni ýadyňyza düşer:
Ýene güýz. Güýz bolsa saralýar ýaprak.
Ýaprak saralanda durlanýar pikir.
Ýatlaýaň geçeni öňküden köpräk,
Hem diýýäň: “Oňatlyk, hudaýa şükür!”
Islendik döredijilik adamsy tebigatdan ylham alýar. Şahyrlar, aýdymçylar, kompozitorlar, suratkeşler we beýleki gujurly ynsanlar asuda ýurdumyzda yhlas bilen erkana işläp, ajaýyp zatlary döredip, öz ýaşaýan durmuşyndan lezzet alýarlar.
Güýz — bu «ak altynyň», şalynyň, gawun-garpyzlaryň, dürli görnüşli miweleriň, terbaş üzümleriň bol bişýän döwri. Şonuň üçin-de şahyrlar ony «güýzüň arygyndan bal akýar» diýip taryplaýarlar. Güýz bilen daýhanyň arasynda meňzeşlik, özara baglanyşyk bar. Olaryň ikisi-de başgalara bereket eçilýär, haýyrly-sahawatly işi ýerine ýetirýär. Şonuň bilen hem biziň ýaşaýşymyzyň ygtybarlylygy, rowaçlygy üpjün edilýär, şu başlanýan güýz günleriniň ähmiýeti has-da düşnükli bolýar.
Gulnaz AÝTUGANOWA,
TDP-niň Köýtendag etrap komitetiniň Sanly tehnologiýalar we maglumat howpsuzlygy boýunça hünärmeni.