Şu gün — 25-nji oktýabrda hem paýtagtymyzdaky Söwda-senagat edarasynda «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2023» atly XXVIII halkara maslahat we sergi öz işine başlady.
Hormatly Prezidentimiziň sergä gatnaşyjylara iberen Gutlagynda bellenilişi ýaly, ýokary derejede geçirilýän halkara forum daşary ýurtly gatnaşyjylary ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumyny ösdürmegiň strategiýasy, döwrebap tehnologiýalary işjeň çekmegiň tejribesi, hyzmatlary amala aşyrmagyň ýollaryny we ulgamyny mundan beýläk-de döwrebaplaşdyrmagyň usullary bilen tanyşdyrar. Ol bu ugurda işleýän hünärmenleriň arasynda uly gyzyklanma döreder.
Halkara nebitgaz forumynyň guralmagynyň esasy maksady energetika pudagyny mundan beýläk-de durnukly ösdürmek üçin sebitleýin dialogy pugtalandyrmakdan, dünýä energetika ulgamyndaky soňky meýillere syn bermekden we Türkmenistanyň nebitgaz pudagyna göni daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmegiň mümkinçiliklerini giňeltmekden ybaratdyr. Şoňa görä-de, däp bolşy ýaly, dünýäniň onlarça ýurdundan nebitgaz kompaniýalarynyň, iri halkara maliýe institutlarynyň ýolbaşçylarydyr wekilleriniň ýüzlerçesi foruma gatnaşmak maksady bilen paýtagtymyza ýygnandylar. «Türkmengaz», «Türkmennebit» döwlet konsernleri, «Türkmengeologiýa» korporasiýasy tarapyndan hem-de «Gaffney Cline» britan kompaniýasynyň ýardam bermeginde «Türkmen Forum» hojalyk jemgyýeti bilen hyzmatdaşlykda guralýan bu serginiň we maslahatyň, olaryň çäginde guraljak iş duşuşyklarynyň geljegi uly hyzmatdaşlaryň ýurdumyzyň ýangyç-energetika we nebitgaz pudaklarynda durmuşa geçirilmegi meýilleşdirilýän täze maýa goýum taslamalary barada habarlylygyny artdyrjakdygy ikuçsuzdyr.
«TürkmenGazet».