Siziň üçin...Slider

Tebigatyň täze kanuny

23-10-2023 / 4

Kaliforniýa Tehnologiýalar institutynyň, Karnegi Ylym institutynyň, Kornell uniwersitetiniň alymlary hem-de Kolorado uniwersitetiniň filosoflary tebigatyň täze kanuny barada beýan etdiler. Täze kanuna görä, çylşyrymly ulgamlar gurluşyny has-da çylşyrymlylaşdyryp we köpdürliligini artdyryp ösýärler.

«Proceedings of the National Science Academy» žurnalynda çap edilen makalada ewolýusiýanyň Ýerdäki ýaşaýyş bilen çäklenmeýändigi, onuň atomlardan we minerallardan başlap, planetalara we ýyldyzlara çenli beýleki adatdan daşary çylşyrymly ulgamlarda hem ýüze çykýandygy beýan edilýär.

Ulgamyň köp dürli konfigurasiýalary bir ýa-da birnäçe funksiýalara baglylykda seçgä sezewar bolsa, ulgam öser. Iň esasy funksiýa durnuklylykdyr, ýagny komponentleri durnukly tertipde ýerleşen konfigurasiýalar saýlanýar. Üznüksiz energiýa akymy bolan ulgamlar hem saýlanýar. Üçünji funksiýany alymlar «täzeçillik» diýip atlandyrýarlar – täze ulgamlaryň ösüş meýlilleri özboluşly häsiýetlere ýa-da aýratynlyklara alyp barýan täze konfigurasiýalary başdan geçirýär.

Häzirki wagtda çylşyrymly fiziki, himiki we biologiki prosesleriň netijesinde ýüze çykýan minerallaryň 6000-e golaý görnüşi mälimdir.

Aýbek MÄTNIÝAZOW,
TOHI-niň Agronomçylyk fakultetiniň Oba hojalyk ekinleriniň seçgisi we tohumçylygy hünäriniň 3-nji ýyl talyby.

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu