Bir namart ähli goşuny heläklär.
Söweşde gylyç karzyna berilmeýär.
Ýola ýoldaşly çyk, tokaýa — paltaly.
Düýäni yzyndan, adamy lakamyndan tanarlar.
Möjekden: «Näme üçin seniň boýnuň ýogyn?” diýip sorapdyrlar.
Möjek bolsa: «Sebäbi men öz gamymy özüm iýýärin” diýip, jogap beripdir.
Dostuň zyňan daşy kelläňe ýara salmaz.
Çagasyny urmaýan, soň özüni urar.
Keselini ýaşyrýan adam derman tapmaz. Eşegiň gulagyny keseniň bilen arap atybolmaz.
Garry möjek ýoluny ýalňyşmaz.
Adamy gussa heläk eder, demri — çyg.
Ýarag öz eýesiniňem duşmanydyr.
Eşek üstüne müneniň ölümini dilär, at — ömrüni.
Toplan: Yhlas ÝAZOW,
TOHI-niň ykdysadyýet we dolandyryş (oba hojalygynda) taýýarlyk ugrunyň 3-nji ýyl talyby.