Şäher ilaty üçin ýapyk gülçülik, köplenç, ajaýyp güýmenje öwrülýär. Ýapyk şertlerde, ýagny öý şertlerinde ösdürilýän ösümlikler diňe bir gözi begendirmek üçin çäklenmän, olaryň käbiri ep-esli peýdalary getirýän dermanlyk ösümliklerdir. Olaryň arasynda iň meşhurlarynyň biri Kalanhoe gülüdir. Bu ösümligiň dürli görnüşleri küýzelerde ösdürilip ýetişdirilýär.
Kalanhoe (kalanchoe) – Crassulaceae maşgalasynyň ösümligi. Ol sukkulentler toparyna degişli. Olar tebigatyň subtropiki we tropiki howa şerti bolan ýurtlaryň hemme ýerlerinde ösýär. Onuň 200-den gowrak görnüşleri belli edildi. Günorta Amerika we Afrikanyň tropiki ýerleri, Aziýanyň günorta-gündogar ýerleri Kalanhoenyň ösmegi üçin has amatly ýerdir. Kalanhoe ösümliginiň 200-den gowrak görnüşi bolsa hem, onuň hemme görnüşinde dermanlyk häsiýetleri ýokdur. Onuň ýapraklary görnüşine baglylykda ýumurtga ýa-da tegelek görnüşli bolup, gyralary tolkun şekilindedir.
Halk lukmançylygynda Kalanhoe ösümliginiň iki görnüşi ulanylýar:
– per şekilli;
– degremon kalanhoe.
Daşyndan seredende bu iki görnüş biri-birine meňzeýär. Olaryň ýapraklary biri-birine garşylykda ýerleşýär we olaryň gyralary diş-diş şekilindedir. Kalanhoe degremonanyň uzyn üçburç şekilinde, içine bükülen ýapraklary bar. Kalanhoe ösümliginiň täsin tarapy daşky görnüşi gorkunç ýylana meňzeýär. Ýöne ondan taýýarlanýan dermanlyk içimliklerden peýda tapan adamlar oňa ,,Ömür agajy’’,,Hirurg lukmany” diýip at beripdirler.
Lukmançylykdaky peýdasy. Ýelek şekilli we Degremona Kalanhoe ösümliginiň lukmançylykda şiresi ulanylýar. Sebäbi kalanhoenyň esasy peýdaly elementleri we maddalary, ýagny polisaharidler, dubil maddalar, organiki kislotalar, dürli fermentler, demir, kaliý, kalsiý, marganes, mis we dürli elementler onuň şiresinde saklanýar. Burun akmagy we sowuklamanyň başlanmagy bilen kalanhoe ösümliginiň suwuny burnuňa siňdirmek has gowy netije berýär. Ondan başga hem onuň çişmä garşy, ýarany bejermek üçin antibakterial dermanlyk häsiýeti bar. Kalanhoe suwy ýarany gowy arassalaýar, bejergini çaltlandyrýar. Şonuň üçin hirurglar we gnikologlar, diş lukmanlary tarapyndan üstünlikli ulanylýar.
Nekrotik (öli) dokumalardan ýaralary arassalamakdaky üstünligi üçin bu ösümlik ,,pyçaksyz hirurg’’ adyny aldy. Häzirki wagtda ol diňe derman senagatyna goşuntgy hökmünde ulanylman, çüýşelerde, aýratyn gaplarda onuň suwuny tapmak bolýar.
Orazjemal SYRAÇMUHAMMEDOWA,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň talyby.