Ýaňy-ýakynda Pekin transport uniwersitetinde halkara festiwal geçirildi. Bu dabaraly çärä ýurdumyzyň wekiliýeti bilen bir hatarda, dünýäniň 34 ýurdundan myhmanlar gatnaşdy. Uniwersitete gelen myhmanlar dünýäniň dürli ýurtlarynyň medeni dürlüligi hem-de her ýurduň milli tagamlary bilen tanyşdylar.
Ýurdumyzyň wekilleri halkara festiwala gelen tomaşaçylara milli tansymyz bolan küştdepdi tansyny görkezdiler. Mundan başga-da, bu ýere gelen myhmanlara milli tagamlarymyzdan biri bolan dograma hödürlendi. Uniwersitetiň professordyr mugallymlary festiwalyň iň gowy tagamy diýip dogramany saýladylar.
Maglumat hökmünde belläp geçsek, görnükli wenger syýahatçysy, alym, 1833 — 1914-nji ýyllarda ýaşap geçen Arminiý Wamberi özüniň syýahatyny Türkmenistanyň çäginde dowam edip ýörkä, oňa dograma nahary hödür edilipdir. Uzak ülkeli alym bu nahary iýip bolanyndan soň, öz ylmy işlerinde: «Türkmenleriň dograma diýen nahary örän tagamly, ol adam bedenine gerek bolan witaminleriň ählisini özünde jemleýär. Dograma nahary adamy gurplandyrýar, iş ukybyny artdyrýar, saglygyny berkidýär» diýip ýazypdyr.
Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan Watanymyzdaky toýdur sadakalarda, naharhanalarda dograma nahary taýýarlanylyp, halka hödürlenilýär. Ol köpçüligiň halap iýýän naharlarynyň biri bolmak bilen, türkmeniň iň bir meşhur tagamydyr.
Aýjahan GARLYÝEWA,
TOHI-niň Weterinar lukmançylygy fakultetiniň Buhgalterçilik hasaba alnyşy we audit taýýarlyk ugrunyň 3-nji ýyl talyby.