Habarlar

Wenada geçen konsert

22-10-2023 / 4

Ýaňy-ýakynda Awstriýanyň paýtagty bolan Wena şäherinde ýurdumyzyň sungat ussatlarynyň gatnaşmagynda Gündogaryň nusgawy şahyry, beýik türkmen akyldary Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli dabaraly konsert geçirildi.

Bilşimiz ýaly, iki ýurduň arasynda medeni-ynsanperwer ulgamdaky hyzmatdaşlygyň gerimi ýylsaýyn giňeýär. Golaýda Arkadag şäherinde V Wena balynyň we «Galkynyş» türkmen-awstriýa simfoniki orkestriniň konsertiniň üstünlikli geçirilmegi iki ýurduň arasyndaky medeni gatnaşyklaryň taryhynda ajaýyp wakalar boldy.

Ýurdumyzyň sungat wekiliýetiniň Ýewropanyň saz paýtagtyna şu gezekki döredijilik saparyny hem iki döwletiň arasyndaky medeni dialogda öňde goýlan wezipeleri durmuşa geçirmekde möhüm waka hökmünde görkezmek bolar. Dunaý derýasyny etekläp oturan «kompozitorlaryň şäherinde» ýurdumyzyň döredijilik wekiliýeti mähirli garşylandy.

Resul Gylyjowyň ýolbaşçylygyndaky Ýaşlar kamera orkestriniň köpöwüşginli sazlary Wena şäherindäki «Ehrbar Saal» konsert zalyny özboluşly duýgulara gaplady. Bu ýerde türkmenistanly sazandalar orkestr bilen bilelikde türkmen milli saz gurallarynda — dutar we gyjakda hem birnäçe mukamy ýerine ýetirdiler.

Beýik akyldar Magtymguly Pyragynyň sözlerine döredilen hem-de söz ussadyna bagyşlanan aýdymlar konserte gatnaşan her bir adama ruhy lezzet paýlady.

Meňli HOJAMUHAMMEDOWA,
Türkmenistanyň DIM-niň Halkara gatnaşyklary institutynyň Halkara žurnalistikasy fakultetiniň 4-nji ýyl talyby.

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu