Bu barada 20-nji oktýabrda sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde habar berildi. Wise-premýer B.Atdaýew «Türkmenistanda öndürilen» milli haryt nyşanyny döretmek boýunça görülýän çäreler barada belläp geçdi.
«Türkmenistanyň sergileri, ýarmarkalary we maslahatlary guramak işini 2020 — 2025-nji ýyllarda ösdürmegiň Strategiýasyna» laýyklykda, «Türkmenistanda öndürilen» milli haryt nyşanyny döretmek boýunça çäreleri durmuşa geçirmegiň meýilleşdirilendigini habar berdi. Geljekde bu işleriň netijesinde öndürilýän ýokary hilli, bäsdeşlige ukyply önümler içerki bazaryň üpjünçiligini artdyrmak bilen birlikde, daşary ýurt bazarlarynda-da barha uly orun alýar. «Türkmenistanyň 2021 — 2030-njy ýyllar üçin daşary söwda Strategiýasyna» laýyklykda, milli söwda nyşanly täze harytlary öndürmek hem-de olary dünýä bazarlarynda giňden tanatmak boýunça wezipeler göz öňünde tutuldy.
Türkmenistan halkara jemgyýetçilikde «Türkmenistanda öndürilen» milli haryt nyşany bilen ýokary hilli harytlary öndürmek we hyzmatlary amala aşyrmak ulgamynda uly mümkinçiliklere eýe bolan döwlet hökmünde tanalýar. Bu bolsa ýurdumyzyň dünýä bazarynda abraýyny artdyrmaga, eksport mümkinçiliklerini giňeltmäge we maýa goýumlary çekmäge oňyn täsir edýär.
Sähetdurdy MEREDOW,
TOHI-niň Weterinar lukmançylygy fakultetiniň Weterinar lukmançylygy hünäriniň 2-nji ýyl talyby.