Siziň üçin...Slider

Güýz: faktlar we syrlar

22-10-2023 / 9

Ynha-da, altyn güýz tebigatyň öwrülişiginde öz gezegini alyp, altyn günleri bilen höküm sürýär. Güýz paslynyň jana ýakymly mylaýym howasy, owadan tebigaty hiç kimi biparh goýmaýar. Bu pasylda ynsan duýgularyna oňaýly täsir edýän ahwalatlar hem ýöne ýerden däl. Güýz pasly özüniň owadanlygy bilen birnäçe syrlary hem  özünde jemleýär. Ol barada bilmek bolsa, edil güýz paslynyň dowam edýän günlerinde has-da ýakymly bolýar.

Gadymy Rimde bir ýyl 10 aýa bölünipdir we şol döwürde oktýabr sekizinji  aý bolupdyr.  Soňlugy  bilen ýanwar hem fewral aýlarynyň goşulmagy bilen 12 aý emele gelen-de bolsa, onuň ozalky ady saklanyp galypdyr.

Güýzde Günüň şöhlesiniň peselýändigi sebäpli, ýapraklara gerekli ýagtylyk ýetmeýär. Ýapraklarda bolsa karotinoidler höküm sürüp başlaýar. Ol ýapraklarda gyzyl, sary, mämişi tegmilleri emele getirýär. Şeýlelik-de ýapraklar güýz paslyny özleriniň täsin reňkleri bilen bezeýärler.

Gyş paslynda ýyly ýerlere göç edýän guşlar güýzde ýola düşýärler. Ondan öň uzak ara uçýan guşlar Demirgazyk sumruglar bolup, olar 17 müň 700 kilometrlik ýoly geçýärler.

Güýzde ýapraklaryň saralyp tänmegi, ýagşyň köp ýagmagy ýaly tebigy üýtgeşmeler adamlaryň ruhy dünýäsine hem oňaýly täsir edýär. Bu döwürde döredijilik bilen meşgullanýan adamlara has-da ylham baýlaşýar.

Alymlaryň geçiren barlaglaryna görä, güýz paslynda adamlaryň ýürek kesellerine duçar bolmak howpy ep-esli azalýar. Ýer şarynda ekwatoryň töwereginde hiç-haçan güýz pasly bolmaýar.

Täze Zelandiýa we Awstraliýada  güýz resmi taýdan 1-nji martda başlanyp, 31-nji maýda tamamlanýar.

Taýýarlan Atajan ATAGARRYÝEW,
Çärjew etrabynyň 7-nji orta mekdebiniň türkmen dili we edebiýaty mugallymy.   

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu