Siziň üçin...Slider

«Kalila we Dimna» näme diýýär?!

Eserden alnan jümleler

20-10-2023 / 17

Ýamana goňşy bolan adam deňiz syýahatçysyna çalymdaş: ol gark bolmakdan halas bolup bilse-de, gorkydan gutulyp bilmez.

***

Peýdaly we zyýanly zatlaryň tapawudyny hatda wagşy haýwanlaram bilýär.

***

Adamlarda bar bolan tebigy zehin agajyň ýanmak hususyýetine çalym edýär: agaja o:t goýulmasa, ol ýanmaýar. Edil şunuň deý, tebigy zehin akyl we tejribe bolmasa özüni ýüze çykaryp bilmeýär.

***

Bilmek gerekdir ki, her işiň öz sebäbi, her sebäbiň öz sebäpçisi we her sebäpçiniň öz mekany we zamany bardyr. Uzak ömürlilik hem-de döwletlilik şulara baglydyr.

***

Ýene-de şeýle hakykaty bilmek gerek ki, peýda kitaby ýat tutmakda däl, oňa düşünip bilmekdedir. Kimde-kim başarmajak işine ýapyşsa, onuň ahwaly sözi ýat tutup, ýöne manysyna düşünmedik adamyň ahwalyna çalymdaşdyr.

***

Biri batyl, biri sag iki adam köçede çaknyşyp, ýykylsalar, parasatly adamlar gözi sag adamy aýyplarlar, gözi ejiz adamyň işini ötünçli diýip hasaplarlar.

***

Bilimli bolmak her närseden öňürti ynsana öz hormatyny we yzzatyny saklamak üçin gerekdir. Ylym, özgelere öwretmek üçin gola salynsa, adam ondan hiç hili peýda görmese, ol, suwundan hemme peýdalanyp, ýöne mundan özi rahatlyk almadyk bulak mysalydyr.

***

Zyýanly her närsede bir peýan bar diýýärler, iň ýagşysy, özgeleriň gören zyýanyny nazara alyp, olaryň peýdaly tejribelerine amal etmekdir.

***

Kimde-kim köre-körelik bilen nämälim ýola çyksa, halkyň ýöreýän dogry ýolundan uzaklaşar we näçe köp ýörese, şonça köp azaşar.

Taýýarlan: Baýrammuhammet ANNASAPAROW,
TOHI-niň Agronomçylyk fakultetiniň Agronomçylyk hünäriniň 1-nji ýyl talyby.

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu