Habarlar

Türkmen filmi halkara film festiwalynda görkezildi

20-10-2023 / 5

Oguzhan adyndaky «Türkmenfilm» birleşiginiň ýaş kinorežissýorlar topary 15-nji oktýabrdan 19-njy oktýabr aralygynda Duşenbe şäherinde geçirilen ilkinji «Toji Somon» film festiwalyna gatnaşdy. Bu barada «Altyn asyr» elektron gazeti habar berýär.

Kino festiwalynyň maksady döredijilik ýaşlaryny goldamak, tejribe alyşmak, ýaş kinorežissýorlaryň hünärlerini ýokarlandyrmak, içerki we daşary ýurt filmlerini kinosöýüjilere hödürlemek, bilelikdäki taslamalary ösdürmek, kino pudagynda halkara gatnaşyklaryny berkitmek we giňeltmek bolup durýar.

Festiwala gatnaşmak üçin Ýewropadan, Aziýadan we GDA ýurtlaryndan gelen filmler iki bäsleşige – çeper we gysga metražly filmlere gatnaşdylar. Sahysalyh Baýramowyň režissýorlygynda surata düşürilen «Gyzyl kürte» filmi çeper filmleriň bäsleşik maksatnamasyna goşuldy.

Kino festiwalynyň baýraklary iň gowy režissura, operatorlyk işi we aktýorlyk üçin berilýär. Festiwal günlerinde ussatlyk sapaklary, surat sergileri we kino boýunça okuw sapaklary hem geçirildi.

Nazar JUMABAÝEW,
TOHI-niň Weterinar lukmançylygy fakultetiniň Maglumat howpsuzlygynyň menejmenti taýýarlyk ugrunyň 3-nji ýyl talyby.

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu