
Bütindünýä Söwda Guramasy (BSG) 2023-nji ýylyň dünýä haryt söwdasynyň ösüşi baradaky çaklamasyny 1,7 göterimden 0,8 göterime çenli azaltdy. Ýöne guramanyň ykdysatçylary 2024-nji ýylda ösüşiň 3,3 göterime çenli ýokarlanmagyna garaşýarlar.
BSG-niň «Global söwda dünýägaraýşy we statistikasy — täzelenme. Oktýabr, 2023» hasabatyna görä, 2023-nji ýylda global jemi içerki önüm 2,6 göterim, 2024-nji ýylda bolsa 2,5 göterim ýokarlanar. Bütindünýä Söwda Guramasynyň Baş müdiri Ngozi Okonjo-Iwealanyň bellemegine görä, 2024-nji ýylda dünýä ýurtlarynyň JIÖ-i haýal, haryt söwdasy durnukly derejede öser.
Ýeri gelende bellesek, Ýurdumyzyň kuwwatly durmuş syýasaty ösüş ýolumyzyň tapawutly aýratynlygydyr. Şoňa görä-de, baş maliýe meýilnamamyz bolan Döwlet býujetiniň esasy bölegi durmuş ulgamyna gönükdirilýär. Onuň serişdelerinden önümçilik maksatly desgalaryň gurluşygyna maýa goýumlaryň umumy möçberiniň 56 göterimi, medeni-durmuş maksatly desgalaryň gurluşygy üçin hem 44 göterimi goýberildi. Şu ýyl göz öňünde tutulan 2688 iş ornunyň ýerine 7607 täze iş ýeri döredildi. Täze ýylyň 1-nji ýanwaryndan bolsa aýlyk zähmet haklarynyň, pensiýalaryň, döwlet kömek pullarynyň, talyp we diňleýji haklarynyň möçberi 10 göterim ýokarlandyryldy hem-de bu syýasat üstünlikli dowam etdiriler.
Türkmenistanda şu ýylyň ýanwar — sentýabr aýlarynda hem milli ykdysadyýetimiz durnukly ösüşe eýe boldy. Hasabat döwründe 2022-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, jemi öndürilen önümiň möçberi 6,3 göterim artdy. Dokuz aýyň dowamynda bölek-satuw haryt dolanyşygy, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 9,6 göterim köpeldi. Şu ýylyň ýanwar — sentýabr aýlarynda maliýeleşdirmegiň ähli çeşmeleriniň hasabyna özleşdirilen düýpli maýa goýumlaryň möçberi 13,3 göterim artdy. Munuň özi hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýän Türkmenistanyň ykdysady strategiýasynda göz öňünde tutulan wezipeleriň berjaý edilýändigini görkezýär.
Hudaýnazar BERDIÝEW,
Lebap welaýat maliýe-ykdysady orta hünär okuw mekdebiniň mugallymy.



