Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Türkmenistandaky Medeniýet günleriniň açylyş dabarasy geçirildi. Açylyş dabarasynyň çäginde döredijilik çäreleri, sungat ussatlarynyň konserti, tatar senetkärleriniň däp bolan çeper sergisi hem-de Tatarystan Respublikasynyň ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizilen taryhy-medeni ýadygärliklerine bagyşlanan surat sergisi guraldy.
Sergä gatnaşyjylar diňe sergide ýerleşdirilen özboluşly eserlere baha bermek bilen çäklenmän, eýsem, olary taýýarlamagyň usullary bilen tanyşmaga hem mümkinçilik aldylar.
Konsert milli tatar sungatynyň baý mümkinçiliklerini şöhlelendirýän çykyşlaryň köpdürlüligi bilen tapawutlandy. Şeýle-de, Tatarystan Respublikasynyň Medeniýet günleri iki şäherde – Aşgabat we Mary şäherlerinde dabaraly ýagdaýda dowam etdi.
Dostlukly ýurduň sungat işgärleri Kemine adyndaky Döwlet drama teatrynda çykyş edip tomaşaçylara Tatarystanyň sungat ussatlarynyň konsertini hödürlediler.
Nowruzgeldi ÖWEZMYRADOW,
Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň Gündogar dilleri we edebiýaty fakultetiniň türk dili hünäriniň 5-nji talyby.