Hytaýyň paýtagty Pekin şäherinde «Bir guşak, bir ýol» III ýokary derejeli maslahaty geçirildi. Dünýäniň 140 döwletinden, halkara guramalaryň hem 30-dan gowragyndan wekiller «Bir guşak, bir ýol» üçünji ýokary derejeli maslahatyna gatnaşmak üçin Pekine ýygnandylar. Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýeti hem gatnaşdy.
Nobatdaky wekilçilikli çäre «Bir guşak, bir ýoluň» çäginde ýokary hilli hyzmatdaşlyk: bilelikde umumy ösüşiň we abadançylygyň bähbidine» atly mowzuk astynda geçirilýär. Bu forumyň çäklerinde Baş direktorlaryň gatnaşmagynda geçirilen maslahatda 97.2 milliard dollarlyk hyzmatdaşlyk etmek boýunça şertnamalara gol çekildi – diýip, Si Szinpin belledi. Hytaý mundan beýläk-de «ýaşyl» infrastruktura, «ýaşyl» energetika hem-de «ýaşyl» ulag ulgamlarynda hyzmatdaşlygy pugtalandyrar.
Ýatlap geçsek, bu maslahat ilkinji gezek 2017-nji ýylyň maýynda, ikinji gezek bolsa 2019-njy ýylyň aprelinde Pekinde dabaraly ýagdaýda geçirilipdi.
Meýlis SADYKOW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň Halkara žurnalistikasy fakultetiniň talyby.