«Bir guşak, bir ýol» üçünji ýokary derejeli maslahatyna gatnaşmak üçin Pekinde iş saparynda bolýan türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow şu gün — 19-njy oktýabrda Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpin bilen duşuşdy. Iki ýurduň wekiliýet agzalarynyň gatnaşmagyndaky duşuşyk Hytaýyň Halk ýygnaklar öýünde geçirildi. Bu barada «Türkmenistan» gazetiniň elektron sahypasynda habar berildi.
Duşuşygyň başynda Gahryman Arkadagymyz Türkmenistan bilen Hytaýyň däp bolan dostlugynyň gözbaşyny uzak geçmişden alyp gaýdyp, 2 müň ýyldan gowrak wagt bäri dowam edip gelýändigini belledi. Iki ýurt we olaryň halklary Beýik Ýüpek ýoly arkaly ýakyndan baglanyşandyr. Mälim bolşy ýaly, Merkezi Aziýanyň çäginden Hytaýdan Ýewropa uzan bu söwda ýoly tutuş dünýä siwilizasiýasynyň ösüşinde möhüm şert bolup çykyş edipdir. Şunuň bilen baglylykda, iki ýurdy köpasyrlyk dostlugyň, özara gatnaşyklaryň we hoşniýetli goňşuçylygyň uly tejribesiniň baglanyşdyrýandygyny aýdyp, anyk taryhy maglumatlary mysal getirdi.
«Siziň bilen geçirýän duşuşyklarymyz Türkmenistanyň we Hytaý Halk Respublikasynyň arasyndaky gatnaşyklarda hemişe möhüm wakalar bolup durýar. Olar ikitaraplaýyn hereketleriň ýagdaýy barada pikir alyşmaga, aýratyn üns çekilmeli wajyp mowzuklary ýüze çykarmaga, gerek halatynda, olara zerur itergi bermäge mümkinçilik döredýär» diýip, Milli Liderimiz duşuşykda ýurdumyzyň Hytaý bilen mundan beýläk-de dost-doganlyk gatnaşyklaryny pugtalandyrmagy maksat edinýändigini, şeýle-de syýasy, ykdysady, ynsanperwer ulgamlarda bilelikdäki işi dowam etdirmäge taýýardygyny nygtady.