Habarlar

Gahryman Arkadagymyz Pekinde ýokary derejeli maslahata gatnaşdy

19-10-2023 / 6

18-nji oktýabrda Hytaý Halk Respublikasynda iş saparynda bolýan türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow “Bir guşak, bir ýol” üçünji ýokary derejeli maslahatyna gatnaşdy.

Giň gerimli maslahata 140-dan gowrak ýurtdan hem-de iri halkara guramalaryň 30-dan köpüsinden wekiller, şol sanda döwlet Baştutanlary, guramalaryň, ministrlikleriň we işewürler toparlarynyň ýolbaşçylary gatnaşýarlar.

HHR-iň Başlygy Si Szinpin foruma gatnaşyjylara Hytaýyň “Bir guşak, bir ýol” taslamasynyň çäklerinde söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlyga, netijeli halkara gatnaşyklaryň maksatdyr wezipelerine bagyşlanan maksatnamalaýyn çykyşy bilen ýüzlendi. 

Günüň ikinji ýarymynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow “Bir guşak, bir ýol” üçünji halkara forumynyň çäklerinde ýokary derejeli maslahata gatnaşdy.

Hytaýyň Milli maslahatlar merkezinde HHR-iň Döwlet Geňeşiniň Premýeriniň birinji orunbasary Din Sýuesýanyň alyp barmagynda geçirilýän maslahatda käbir wekiliýet Baştutanlarynyň çykyşlary göz öňünde tutuldy. Milli Liderimiz özara baglanyşyk boýunça forumda ilkinji bolup çykyş edip, bu çäräniň geçirilmeginiň örän möhüm we talap edilýän waka hasaplanýandygyny aýtdy. Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow soňky döwrüň pandemiýa, durnuksyzlygyň ýokarlanmagy, ynamyň pese gaçmagy, wakalaryň öňünden habar berilmezligi ýaly hakykatlarynyň ählumumy ykdysady işjeňlige ýaramaz täsirini ýetirendigini, özara baglanyşyk bilen dahylly meseleleri döredendigini, durnukly ösüş ulgamynda meýilnamalaryňdyr maksatnamalaryň durmuşa geçirilmeginiň netijeliligini peseldendigini belledi. Bu ýaramaz täsirleri ýeňip geçmek üçin döwletleriň we halkara institutlaryň tagallarynyň birleşdirilmegi, ak ýürekli erke, jogapkärçilige, öňdengörüjilige esaslanýan döredijilikli we netijeli gün tertibini kesgitlemekde olaryň raýdaşlygy zerurdyr.          

«Şu nukdaýnazardan, türkmen tarapynyň «Beýik Ýüpek ýoluny dikeltmek» strategiýasy öz mazmuny boýunça Türkmenistanyň Ýewraziýanyň geoykdysady landşaftynyň geljegi babatdaky garaýyşlaryna jogap berýär, şeýle-de ol Hytaýyň deňhukuklylygyň, hyzmatdaşlaryň gyzyklanmalaryny hasaba almagyň, özara bähbitliligiň, medeniýetleriňdir ruhy gymmatlyklaryň köpdürlüligini hormatlamagyň esasy ýörelgeler bolup çykyş edýän «Bir guşak, bir ýol» strategiýasyna laýyk gelýär» diýmek bilen, hormatly Arkadagymyz şunda hyzmatdaşlygyň syýasylaşdyrylmazlygynyň, diwersifikasiýalaşdyrylmagy hem-de halkara derejede giňden gatnaşylmagy üçin energetika we ulag akymlarynyň birtaraplylygyndan daşlaşmagyň türkmen tarapynyň çemeleşmesinde möhüm düzüm bölekleri bolup durýandygyna ünsi çekdi.

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu