
Dünýä belli syýahatçylyk saýty bolan «Lonely Planet» 2023-nji ýylda baryp görmeli iýmitşäherleriniň sanawyny yglan etdi. Sanawda iýmitleri bilen tapawutlanýan Aziýadan Ýewropa çenli şäherler bardyr.
Lima, Peru
Perunyň milli tagamy, «ceviche» bilen meşhur bolan Lima täze deňiz önümlerini we Peru aşhanasynyň tagamly naharlaryny datmak üçin ajaýyp ýerdir.
Umbria, Italiýa
Ortaýer deňziniň aşhanasynyň merkezi bolan Umbria, dürli we üýtgeşik tagamlary bilen Italiýanyň meşhur şäherlerinden biridir.
Fukuoka, Ýaponiýa
Kyuhsu adasynyň demirgazyk kenarynda ýerleşýän Fukuoka, halkara derejesinde meşhur «Hakata» tagamyndan lezzet almak isleýänler üçin amatly duralgadyr.
Kuala-Lumpur, Malaýziýa
Ýurduň paýtagty tagamly hem-de köçe naharlarydyr gijeki durmuşy bilen «Lonely Planet» sanawynda öz ornuny eýeleýär.
Günorta Afrika
Kosmopolit aşhanasy bolan Günorta Afrika Respublikasy dürli medeniýetleriň tagamlaryny garyşdyryp üýtgeşik tagamly naharlaryny hödürleýär.
«TürkmenGazet».