Siziň üçin...Slider

Awtomobil. Swetofor. Stop

17-10-2023 / 9

Häzirki ulanylýan “awtomobil” sözüniň grekçe “autos” – “özi”, we latynça “mobilis” – “ýöreýän” diýen manylary aňladýandygy köplere mälimdir. Ýöne fransuz dilinde peje ot salýan adama “şofýor” diýilýändigini bilmeýänlerem bar bolsa gerek. Ýogsa-da maşyn sürmek bilen peje ot salmagyň arasynda nähili baglanyşyk bolup biler? Ilkinji awtomobilleriň bug bilen işländigini ýatlasak, bu sowala jogap tapmak kyn bolmaz. Dogrudan hem şol maşynlaryň sürüjileri dolandyryjy gurallara garanyňda, ataşgir bilen köp iş salyşmaly bolupdyrlar.

***

Swetofor ilki oýlanyp tapyldymyka ýa-da awtomobil?  “Elbetde, awtomobil ilki tapylandyr” diýjekler kändir. Ýöne edil beýle däl. Ilkinji swetofor 1868-nji ýylda Londonda oturdylypdyr. Ol şäherde ýolagçy gatnadýan paýtunlaryň hereketini sazlapdyr.

***

Ýol belgileriniň arasynda “Stop” (“Saklan”) diýen ýazgyly belgi bar. Ol sürüjilerden şol belgiden aňryk geçmezden ozal saklanmagy we töwerege mazaly esewan bolmagy talap edýär. Emma käbir bitertip sürüjiler bu talaby berjaý etmän, heläkçilige uçraýarlar.

Germaniýanyň şäherleriniň birinde şol belginiň ýüzündäki “Stop” diýen ýazgyny “Sotp” diýen söz bilen çalşyrypdyrlar welin, çatryklardaky betbagtlyk ep-esli azalypdyr. Çünki sürüjiler ýalňyş ýazylan ýazgynyň ýanynda biygtyýar säginipdirler. Hawa-da, öz ýalňyşyňy düzedenden iliň kemçiligini tapmak aňsat-da…

Allanazar TOGSANOW,
TOHI-niň Agronomçylyk fakultetiniň Agronomçylyk hünäriniň 1-nji ýyl talyby.

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu