SliderSöhbetdeşlik

Burak ÖZÇIWIT: «Siziň üçin işleýäris!»

Türkmenistanda geçirilen halkara kinofestiwala gatnaşan türkiýeli aktýor Burak Özçiwit

17-10-2023 / 10

Burak ÖZÇIWIT,
türkiýeli kinoaktýor:

— Hemmelere salam! Bizi örän gowy garşyladyňyz, munuň üçin hemmelere hoşallyk bildirýäris. Bizi gowy görýändigiňizi bilýäris, biz hem şol hormata mynasyp bolmaga çalşarys. Mehmet beg eýýäm iki-üç ýyl bäri Türkmenistan barada süýjüdip-süýjüdip gürrüň berýärdi. «Ajaýyp ýer», «Ertekilerdäki Diýar» diýýärdi. Ine, ertekileriň Diýaryna gelip görmek bize-de miýesser etdi. Biz Aşgabada we Arkadag şäherine gelen dessimize söze sygmajak türkmen myhmansöýerligi bilen Oguz han atamyzdan gelýän mirasyň häli-häzirlerem dowam etdirilýändigine şaýat bolduk. Islendik ýerde Oguz han atamyzyň sekizburç möhüriniň şekilini görmek ajaýyp duýgy. Biz bu şekili Türkiýede-de saklap galmak üçin elimizden gelenini edýäris. Türkiýede surata düşürilýän köp bölümli filmlere jahanyň çar künjünde tomaşa edilýär. Biziň «Gurluş: Osman» filmimize hem Ýer ýüzünde uly gyzyklanma bar. Biz bu filmiň üsti bilen bilelikdäki gymmatlyklarymyzy dünýä görkezmäge çalyşýarys.

Festiwalyň açylyş dabarasynda Oguz han barada sahnalaşdyrylan çykyşa tomaşa etdik. Ata topragymyzda bu sahnany görmek we ajaýyp festiwalyň gatnaşyjysy bolmak biziň üçin belent mertebe. Jogapkärçiligimizi duýup, munuň üçin elimizden gelenini gaýgyrman işleýäris. Siziň üçin işleýäris, bize bildirýän hormatyňyz bolsa bize güýç berýär.

Çeşme: «Nesil» gazeti, 17.10.2023 ý.

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu