Ýaňy-ýakynda geçirilen «Adobe Max» maslahatynda «Adobe» amerikan kompaniýasy birnäçe täze tehnologiki çözgütleri görkezdi. Maslahatyň dowamynda reňkini üýtgedýän zenan köýnegi hem tanyşdyryldy.
Düwmä basylanda çeýe tekstil displeýleriniň kömegi bilen «Project Primrose» diýlip atlandyrylýan köýnek reňkini we ýüzündäki nagyşlary üýtgedip bilýändir. Kompaniýa ozal şuňa meňzeş tehnologiýany görkezipdi, ýöne sergide tekiz mata we kiçijik ýantorbada ulanyldy. Bu gezek tekstil displeýi köýnekde-de görkezildi.
«Magic Editor» atly funksiýa şu ýyl «Google» tarapyndan «Pixel 8» smartfonlary üçin hem hödürlenendir.
Ogulsuraý BABYŞOWA,
TOHI-niň Weterinar lukmançylygy fakultetiniň Maglumat ulgamlary we tehnologiýalary taýýarlyk ugrunyň 2-nji ýyl talyby.