Aragatnaşyk arkaly adamlary uzakdan ýakynlaşdyrmak maksady bilen 1876-njy ýylda Aleksandr Bell ilkinji telefony oýlap tapypdyr. Şondan bäri telefon gitdigiçe kämilleşmek bilen boldy. Häzirki döwürde telefonda internetden peýdalanmak, oýun oýnamak, surata düşürmek mümkinçiligi bar. Öýjükli telefonlar arkaly diňe bir uzak aralykdan gürleşmekden başga, onuň üsti bilen SMS habarlaryny, suratly MMS-leri hem ugradyp bolýar. Ýöne bir wagtlar ähli zat başgaçady…
Telefonyň ýüze çykmagynyň öň ýany. XX asyryň başlaryna çenli uzak aralykdan ses tolkunlaryny ugratmak mümkinçiligi diňe ýolagçy we harby gämilerde ýer bilen aragatnaşygy saklamak üçin bolupdyr. Şondan soňky 20 ýylyň dowamynda dünýäniň alymlary ýönekeý telefony öýüň çäginden daşary çykarmak isläpdirler. Olar muny başardylar. Eýýäm 1920-nji ýyllarda ýerinden üýtgedip bolýan radio enjamlary Detroýt şäheriniň polisiýa ulaglaryna ornaşdyrylýar.
Ilkinji ýerinden üýtgedip bolýan telefon ýa-da häzirki zaman öýjükli telefonlaryň «garry atasy» Amerikanyň Birleşen Ştatlarynda 1923-nji ýylda «Bell Telephone Company» kompaniýasy tarapyndan döredildi.
1983-nji ýyl. Hakyky öýjükli telefony gurnap başaran we şunlukda aragatnaşyk dünýäsine täze özgerişlik getiren kompaniýa «Motoroladyr». Alymlar onuň üstünde on ýyl işläpdirler we munuň üçin 100 million dollar sarp edipdirler. Onuň modeli «DynaTAC 8oooX» diýlip atlandyrylypdyr.
Bu telefonuň agramy 800 gram bolup, onuň 30 sany telefon belgini ýatda saklamak ukyby bolupdyr. Onuň bahasy 4000 amerikan dollaryna deň bolupdyr. Bahasynyň gymmatlygyna garamazdan, eýýäm bir ýylyň dowamynda kompaniýa bu telefonlaryň üç ýüz müň sanysyny satmagy başarypdyr.
1989-njy ýyl. Şu wagta çenli döredilen telefonlar özüniň göwrümine görä diňe awtoulaglarda saklamaga niýetlenilen bolsa, 1989-njy ýylda Motorola täze «MicroTAC» modelini çykarýar. Ol hakykatdanam jübiňde göterip bolýan ilkinji öýjükli telefondyr. Onuň 75 minut zarýadyny saklamak mümkinçiligi bolup, bahasy 3000 amerikan dollara deň bolupdyr.
Mundan başga-da şol döwürler Nokia kompaniýasy hem GSM-öýjükli telefonlaryň mod elleriniň üstünde işläp, özüniň kiçijekligi we ulanmaga oňaýlylygy bilen tapawutlanýan «Nokia 1011» telefonlaryny satlyga çykardy.
1998-nji ýyl. «Nokia» kompaniýasy ekranyny üýtgedip bolýan, Intel operatiw prosessorly telefonlary öndürip başlaýar. Mundan başga-da ol ýürekgysgynç gara reňkli «Nokia 5110» modelli telefonlaryny dürli reňkler bilen bezeýär. Bu bolsa bazarda oňa bolan islegiň artmagyna getirýär.
1999-njy ýyl. Telefonlaryň göwrümi öňkülere garanyňda has kiçelip başlaýar. Öýjükli telefon öndürýän kärhanalar öz aralarynda telefonlaryň ekranlarynyň grafikasy taýdan, sazlarynyň üýtgeýşi, «mp3» aýdymlary goşmak funkliýalarynyň döremegi boýunça bäsleşip başlaýarlar.
Amandurdy ORAZOW,
TOHI-niň Ýer gurluşygy we kadastry hünäriniň 4-nji ýyl talyby.