Balyk tutmak adamlaryň ykdysady işjeňliginiň iň gadymy görnüşlerinden biridir. Şeýle hem balyk tutmagyň adamyň ruhy we beden güýjüni berkitmeginiň ajaýyp serişdesi bolup hyzmat edýändigi bellenilip geçilýär.
Balyk tutmagyň tärleri hem-de usullary has irki döwürlere uzap gidýär. Arheologik maglumatlar balyk tutmagyň öz gözbaşyny orta paleolit döwründen alyp gaýdandygyny tassyklaýar. Iň gadymy balyk tutulýan çeňňekler 2016-njy ýylda Ýaponiýanyň Okinawa adasyndan tapyldy. Deslapky çaklamalara görä, bu çeňňekleriň 23 müň ýyl mundan öňki döwre degişlidigi mälim edilýär.
1985-nji ýyldan bäri her ýyl 27-nji iýunda Bütindünýä balykçylyk güni bellenilip geçilýär. Bu baýramçylyk 1984-nji ýylyň iýul aýynda Rimde geçirilen Balyk hojalygyny kadalaşdyrmak we ösdürmek boýunça halkara maslahatyň karary esasynda döredildi.
Balyk tutmak adamzadyň iň meşhur güýmenjelerinden biridir. Iň bolmanda bir gezek çeňňekli balyk tutmaga gidip gören, tebigat bilen aragatnaşygyň deňeşdirip bolmajak şatlygyndan lezzet alan hem-de durmuşynda ilkinji balyklary tutan adam muny hiç haçan ýatdan çykarmaýar. Balyk tutmak şeýle bir tolgundyryjy güýmenje bolup, wagtyň geçmegi bilen balyk tutmaga höwesjeňler üçin bu pişe köplenç aýratyn hyjuwa öwrülýär.
Mundan başga-da, balykçylyk adamzat taryhynda oba hojalygyndan we maldarçylykdan has öň ýüze çykypdyr. Häzirki wagtda balyk we balyk önümleri dünýäde iň meşhur iýmit önümleriniň hatarynda durýar.
BMG-niň Azyk we oba hojalyk guramasynyň (FAO) maglumatlaryna görä, dünýäde balykçylyk, suw hojalygy we azyk önümçiligi pudaklary millionlarça adamyň iş üpjünçiligi babatda möhüm orun eýeleýär. Häzirki wagtda dünýäde balyk senagatynyň önümçiliginiň mukdary ýylda 90 million tonna deňdir. Munuň 90 göterimi deňizlerde, galan bölegi bolsa içerki suwlarda tutulýar. Balykçylyk dünýäde 120 milliona çenli adamy göni we gytaklaýyn iş bilen üpjün edýär.
Guwanç AKMYRADOW,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň 3-nji ýyl talyby.