Siziň üçin...Slider

Toýda duşuşalyň!

17-10-2023 / 6

Ata-babalarymyzyň aýratyn ähmiýet berýän iň gowy däpleriniň biri myhmançylyk. Myhmansöýerlik adamkärçiligiň esasy sütüni, diregi hökmünde görülýär. Hemişe myhmansöýerligi bilen tanalan halkymyzyň bu ugurdaky däbi, dessury aýratyn mekdep derejesine göterilipdir.

Myhman garşylananda öý eýesi “Hoş geldiňiz (geldiň)!” diýilýä. Myhmana bolan mähribanlygy ýokarlandyrmak üçin “Hoş geldiňiz” sözüniň yzyna “Sapa getirdiňiz” sözi hem goşulýar. Myhmançylyga gelen adam “Hoş geldiňiz!” diýen ýagşy dilege “Hoş gördük!” diýip jogap gaýtarýar.

Eger myhmanyň gelendigi maşgala agzalaryndan biri tarapyndan maşgalanyň ýaşulusyna habar berlende “Gelen döwlet!” diýip jogap berýär we myhmany garşylamaga taýýar bolýar. Türkmen halky baýlygy, jan saglygyny, köp çagalylygy, myhmany we ş.m. döwlet hasaplaýar.

Gijräk biriniň gapysyna, öýüne baran adam “Es-Selamü aleýküm!” diýen salamlaşmak sözünden soň ýa-da onuň deregine “Giç ýagşy!” dilegi ulanýar. Manysy, gijräk gelen-de bolsam, ýagşylyga geldim, gijäňiz ýagşy bolsun diýen sözlerden ybaratdyr. Onuň jogaby bolsa «Gelen ýagşy!» dilegidir. Munuň manysy bolsa, seniň gijräk geleniň aýyby ýok, ýagşy niýet bilen gelen bolsaň bolýar, diýmekdir.

Myhman ugradylyp, hoşlaşylanda öý eýesiniň eden hyzmatlaryna minnetdarlygyny we hoşallygyny bildirmek üçin “Sag boluň!” ýa-da “Hoş, sag bolun!”, “Sag oturyň!”, eger agşam-giçlik bolsa “Gijäňiz rahat bolsun!” diýip, dileg edýär. Öý eýesi bolsa, “Saglykda görşeliň!”, “Agyran-ynjan bolsaňyz, razy boluň!”, “Toýda duşuşalyň!”, “Dilegde boluň!” diýen ýagşy dilegler bilen jogap berip, myhmany ugradýarlar.

Zülfiýa GENJIÝEWA,
TOHI-niň Weterinar lukmançylygy fakultetiniň Maglumat howpsuzlygynyň menejmenti taýýarlyk ugrunyň 2-nji ýyl talyby.

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu