Ajaýyp dag dereleri, şaglap inýän şarlawuklary, adam aýagy sekmedik jülgeleri bilen haýran galdyrýan bu ýurdy görmäge göz gerek. Milli senetçiligiň aňrybaş derejede ösen ýurdy bolan Täjigistanda agaçdan ýonulyp ýasalýan sandyklar, tabaklar, oýma nagyşlary bilen meşhurdyr. Şeýle gymmatly kesp-kärler atadan ogla, eneden gyza geçip gelýär.
Täjik aýdym-sazlary dünýä halklary tarapyndan söýlüp diňlenilýär. Bu halkyň saz gurallary birnäçe topara bölünýär. Olara koşuk, kaýrok, safoil, patnis, zang, labçang — idiafon saz gurallary; doýra, nagara, rez nagara — membrafon saz gurallary; kanon, çang, rubab, ud, tanbur, sato, dumbra — hordafon saz gurallary; kuşnaý, bulaman, naý, surnaý, kernaý — aýerofon saz gurallary degişlidir.
Täjiklerde «Nowruzy Buzurg», «Nowruzy Horo», «Boýçeçak», «Saýry güli» ýaly, diňe Nowruz baýramynda aýdylýan aýdymlaryň ençemesi bar. Aýdym-saz sungatynyň esasyny «On iki mukam» we «Şaşmak» ýaly saz toplumlary tutýar. «Buzruk», «Rost», «Nawo», «Dugoh», «Segoh», «Irok» ýaly bölümlerden ybarat bolan saz toplumy täjik halkynyň milli sazlary hasaplanýar.
2003-nji ýylda şaşmak saz toplumy Täjigistanyň gadymy mirasy hökmünde ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizildi. Häzirki döwürde täjiklerde bürgüt, ýolbars, tilki, leglek ýaly janly-jandarlaryň ady bilen baglanyşykly tanslar ýörgünlidir. Jemläp aýdanymyzda, täjik halk tanslary dünýä muşdaklary tarapyndan gyzgyn garşylanýar.
Akmyrat ÇARÝARGULYÝEW,
TOHI-niň Weterinar lukmançylygy fakultetiniň Maglumat ulgamlary we tehnologiýalary taýýarlyk ugrunyň 2-nji ýyl talyby.