Siziň üçin...Slider

Dil öwrenmegiň möhümligi nämede?!

15-10-2023 / 13

«Dil bilen dünýäni gezer», «Bir dil bilen bir adam, köp dil bilen köp adam», «Dil bilmek baýlykdyr», «Dil bilen dana, dil bilmeýän — diwana», «Dil — akylyň açary» ýaly nakyllar ýöne ýerden döremändir. Çünki daşary ýurt dillerini öwrenmek bilen biz diňe bir dünýä medeniýetine, taryhyna göz ýetirmek bilen çäklenmän, eýsem, özümizde birnäçe täze mümkinçilikleri açyp, täze gözleglere aralaşyp bileris. Geliň, olaryň käbirlerini öwreneliň:  

Ynam döretmek. Daşary ýurt dilini öwrenip başlamak bilen bizde özümize, mümkinçiliklerimize bolan ynam gün-günden artar. Bu bolsa bizi täze iş saýlamaga, hünärmenler bilen tejribe alyşmaga we kämilleşmäge, syýahat etmäge, hat-da özbaşdak biznesimizi açmaga iterer.

Lezzet almak. Elbetde, dil öwrenmek birneme kynçylygy, erkliligi, sabyr-kanagatlylygy we ünslüligi talap etse-de, özüňi kämilleşdirmegiň zerurlygyna düşünýän adamlar üçin bu uly lezzetdir.

Kämilleşmek. Güýjüňi we wagtyňy daşary ýurt dillerini öwrenmek ýaly gowy işlere sarp etmek ynsanyň kämilleşmegine, özüni açmagyna, dünýä akyl ýetirmegine tarap ýoldur.

Mümkinçilikleri açmak. Täze diller bize täze gapylary, ýollary we mümkinçilikleri açar, umuman aňy giňelder. Öwrenen täze düşünjelerimiz bize täze ulgamlary salgy berer.

Ukyplary ösdürmek. Dil öwrenmek bilen ynsanyň intellektual ukyplaryň hem ösýändigini ýatdan çykarmaly däldiris. Özüňizde ýatkeşligiň, pikirlenmek endiginiň, netije çykarmak we beýan etmek ukyplarynyň bada-bat ösýändigine tiz göz ýetirersiňiz.

Döredijilik başlangyçlaryňyz artar. Her diliň özboluşly aňlatmalary, metaforalary, äheňleri bolmak bilen bulary öwrenmek döredijilik dünýäsine aralaşmakda möhüm ädimlerdir.

Beýniniň garramagynyň öňüni alýar. Ylmy tejribeler daşary ýurt dillerini öwrenmek we ony gündelik durmuşda ulanmak endiginiň käbir psihiki keselleriň döremeginiň öňüni alyp boljakdygyny görkezdi. Bu diňe bir gözýetimi giňeltmäge we dürli medeniýetli adamlar bilen aragatnaşyk saklamaga däl, gönüden-göni beýnimiz üçin hem ajaýyp intellektual tälimdir.

Näzik BAZAROWA,
Çärjew etrabyndaky 23-nji orta mekdebiň rus dili mugallymy.

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu