Ýakynda Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasyndaky Maýa Kulyýewanyň muzeýinde Sazyň taryhy kafedrasynyň öwreniji mugallymy Gülzada Bazarowanyň guramagynda ençeme goşguly kitaplaryň awtory, halypa şahyr zenan Bahargül Kerimowa bilen döredijilik duşuşygy geçirildi. Oňa türkmen edebiýatynyň, şygryýetiň muşdaklary, konserwatoriýamyzyň mugallymlary, talyplary uly höwes bilen gatnaşdylar.
Döredijilik duşuşygynyň başynda konserwatoriýanyň Bagşyçylyk sungaty hünäriniň talyby Akjemal Halmyradowa halypasy Mähri Hojaýewa bilen bilelikde mukamçy kompozitor Ýagmyr Nurgeldiýewiň sazyna, şahyr Bahargül Kerimowanyň goşgusyna ýazylan “Türkmen düzüm” atly aýdymy ýerine ýetirdiler.
Söhbetdeşligiň dowamynda Bahargül Kerimowa özüniň döredijilik ýolundan şeýleräk gürrüň berdi: “Kompozitorlar birleşiginde maňa-da işlemek nesip etdi. Şol ýerde Nury Halmämmedow, Aşyr Kulyýew, Çary Nurymow, Durdy Nuryýew, Rejep Allaýarow dagylar hem bardy. Şol döwürde Kerim aga-da (Gurbannepesow) kän barýardy. Nury Halmämmedow bir gün maňa şeýle ýüzlendi: «Bahargül sen goşgy ýazýan ekeniň-ä, ana, Gurbannazar Ezizow aýtdy, gazetde goşgyňy görüpdir, sen bize goşgularyňdan ber, aýdym ýazaly» diýipdi. Menem goşgularymdan iki sanysyny beripdim. Şol beren goşgularyma Rejep Rejepow aýdym döretdi. Iki sany zehiniň arasynda meniň goşgularym bitdi-de, şeýdip aýdym bolup halkymyzyň kalbyna ornady. Şolar ýaly gowy adamlar bilen işleşenime diýseň begenýän, özümi bagtly saýýan”.
Soňra konserwatoriýanyň 3-nji ýyl talyby Maýsa Myradowanyň ýerine ýetirmeginde Bahargül Kerimowanyň sözlerine, Rejep Rejepowyň sazyna ýazylan “Deňeýän” atly aýdym ýaňlandy. Döredijilik duşuşygynyň dowamynda zenan şahyrymyz Bahargül Kerimowa talyplaryň, ýaş mugallymlaryň gyzyklanýan soraglaryna jogap berdi, olar bilen söhbetdeş boldy, döredijilik ýolundan gyzykly gürrüňleri paýlaşdy, ýaş talyplara birnäçe maslahatlary berdi. Şeýle-de talyplar Bahargül Kerimowanyň birnäçe goşgularyndan labyzly okap berdiler.
Şahyr halypamyz döredijilik duşuşygynyň ahyrynda Kerim Gurbannepesowyň goşgusyny hem-de söýgi temasynda ýazan öz goşgusyndan okap berdi. Bahargül Kerimowa bilen geçirilen döredijilik duşuşygy diýseň gyzykly geçdi we bizde uly täsir galdyrdy.
Ogulnur SULTANOWA,
Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň Sazşynaslyk hünäriniň 2-nji ýyl talyby.