
Ylmyň, tehnikanyň ösmegi täze-täze tehnologiýalaryň zamanasynyň başyny başlady. Bu günki gün «Akylly öý», «Akylly şäher» diýlen ýaly düşünjeler kem-kem ynsan durmuşynda adaty zada öwrülýär. Dünýädäki akylly şäherleriň sanawy gitdigiçe artýar.
Singapur. Bu şäherde durmuş zerurlyklarynyň ählisi diýen ýaly datçikler arkaly gözegçilikde saklanylýar. Şäheriň köçelerinde sürüjisiz awtoulaglaryň gatnaw edip ýörmegi hiç kimi geň galdyranok. Ulaglaryň sanynyň kändigine garamazdan, köçelerde dyknyşyk emele gelmeýär. Ýörite datçikler şäheriň haýsy ýerinde howada hapa maddalaryň köpelýänini hasaba alyp, awtomatik usulda ulag akymlarynyň ugruny üýtgedip durýar. Bu ulgam Singapuryň awtosürüjilerine wagt tygşytlamaga mümkinçilik berýär. Singapurda gartaşan adamlara hyzmat etmek gullugy hem ösen. Ýörite ulgam arkaly öýde ýeke galan gartaşan adamyň hereketleri gözegçilikde saklanylýar. Eger gözegçilikdäki adam uzak wagtlap hereket etmese, ulgam bu barada onuň hossarlaryna we lukmanlara habar berýär.
Barselona. Energiýa tygşytlylygynyň ýokary derejede ýola goýlandygy Barselonanyň beýleki akylly şäherlerden tapawutly tarapydyr. Bu şäherde Gün energiýasyndan giňden peýdalanylýar. Iri binalaryň ählisi ýyly suwy özbaşdak öndürýär. Şeýle-de Barselonada ýangyç bilen elektrik energiýasynyň garyşyk ulanylmagynda hereket edýän awtobuslary bolan dünýäde iň arassa jemgyýetçilik ulaglary ulgamy bar. Bu şäherde abuna ýazylmak ýa-da telefon üsti bilen tölemek arkaly ýylyň dowamynda 400-den gowrak welosiped stansiýalarynyň hyzmatyndan peýdalanyp bolýar. Şäherdäki zibildanlarda gurnalan ýörite enjamlar, içi dolanda zerur ýerlere habar berýär. Munuň özi ýangyjy we şäher gulluklarynyň iş wagtyny tygşytlaýar.
London. Ilat sany uly depginde artýan bu şäheriň metrosynda iň bir häzirki zaman hyzmatlaryň ýola goýulmagy ýöne ýerden däl. Ýörite ulgam ýeriň astynda we köçelerde hereket edýän ulaglaryň çylşyrymly gatnaw ugurlaryndan baş alyp çykmaga kömek edýär. Smart London ulgamy bolsa adamlary şäheriň köçelerinde, metrolarda bolup geçýän üýtgeşiklikler bilen yzygiderli habarly edip durýar. Şäheriň ähli künjekleriniň wideogözegçilikde saklanylmagy islendik babatda howpsuzlygyň üpjün edilmegine ýardam berýär.
Rahym ŞAMEÝEW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň Halkara žurnalistikasy fakultetiniň talyby.



