Gündelik durmuşymyzda mawy ekranda, toý-dabaralarda, jemgyýetçilik wakalarynda ýüzbe-ýüz bolunýan ýaş sungat wekilleri bilen söhbet etmegiň özboluşly ýakymy bar. Tanyş ýüzleriň söhbetleri bolsa okyjylar, onuň muşdaklary üçin hem gyzykly bolar diýen umyt bilen bu söhbetdeşligi ýazga geçirdik. Biziň söhbetdeşimiz — «Türkmen owazy» teleradioýaýlymynyň artisti, ýaş alypbaryjy Derýa GELENOW.
― Derýa, söhbetimizi köpçüligiň öňünde çykyş etmegiň aýratynlyklary baradaky gürrüňleriňizden başlaýaly!
― Gowy pikir. Öz mysalymda aýtsam, bu bir tarapdan juda kyn, ikinjiden bolsa iňňän lezzetli. O pursatda birden-ä howuň basylýar, birdenem ruhuň al-asmana göterilýär. Çünki seni öz diňleýjileriň, tomaşaçylaryň bilen şeýle bir ruhy taýdan, duýgy taýdan sazlaşykly gatnaşyk gurşap alýar. Köpçüligiň öňünde çykyş etmegiň aýratynlyklary seniň duran ýeriňe, dabaranyň görnüşine, wagtyna we auditoriýasyna bagly. Toýda tomaşaçylaryň toý myhmanlarynyň öňünde özüňi erkin we göni alyp barmaly. A ekranda bolsa müňläp, millonlap adamyň nazaryna ilmeli…
― Bu sfera nähili geldiňiz?!
― Men ýetginjeklik döwrümden bäri çykyşlary ýerine ýetirmegi halaýardym. Türkmenistanyň halk artisi Öwez Gelenowyň agtygy bolamsoň, medeniýete we sungata aralaşmak maňa kyn düşmedi. Çünki öz atamyň durmuş ýoly meniň üçin çagalykdan göreldä öwrülipdi. Onuň her bir çykyşy, her bir söhbeti, her bir eden işi, döredijiligi, janlandyran keşpleri, goşgy okaýyşy, ömür ýoly meniň üçin uly bir mekdep boldy. Şu sebäpden men öz maşgala agzalarymyň hem goldamagy, öz şahsy höwesim we okamaga, çeper beýan etmäge bolan yhlasym bilen alypbaryjy bolup, halkymyzyň hyzmatyna çykmaga gadam basdym. Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetini tamamlan hünärmen bolsam-da, ykbalymda sungaty esasy orunda goýýaryn.
― Siz «Türkmen owazy» teleradioýaýlymynda telegepleşikleri alyp barmak bilen birlikde, toý dabaralarynda hem alypbaryjylyk edýärsiňiz. Bu ugurda kämilleşmek we tejribe toplamak üçin haýsy halypalara ýüzlendiňiz?!
― Maňa alypbaryjylyk sungaty boýunça ýakyndan halypalyk eden M.Annamuhammedowyň, M.Handurdyýewiň atlaryny buýsanç bilen agzap bilerin. Sahna medeniýeti we sahna dili boýunça bolsa atamyň halypalyk mekdebinden hiç haçan üzňe däl. Galyberse-de, daşary ýurtly diktorlaryň çykyşlaryna hem tomaşa edip, olardan hem köp zatlary öwrenýärin. Hemişe öwrenmäge, öz saýlan kärimde kämilleşmäge çalyşýaryn.
― Geljekki maksatlaryňyz barada nämeler aýdyp bilersiňiz?!
― Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň alyp barýan parasatly syýasatyny, taryhy döwrümizi wasp edýän, durmuşymyzyň bagtly pursatlaryna ýüzlenýän aýdym-sazly, edebi-çeper, kompozision mazmunly ekran eserlerini has giňişleýin tomaşaçylara ýetirmek isleýäris. Döredijilik toparymyz bilen bolsa maksadymyza ýetmäge ähli mümkinçilikler bar. Ildeşlerimiziň toý-dabaralaryna şatlyk goşmagy hem dowam ederis.
― Nesip bolsa. Indi gysga sowallarymyza hem jogap berseňiz.
― Baş üstüne!
― Meşhurlyga bolan garaýyşyňyz nähili?!
― Oňa ýetemsoň aýtmasam…)
― Halaýan tagamyňyz?
― Öý aşhanasynda taýýarlanýan tagamlaň ählisi.
― Lybas görnüşlerini saýlamaly bolsa…?!
― Nusgawy stil.
― Bagty nämede görýäňiz?
― Maşgalamda.
― Sport bilen araňyz nähili?!
― Futbolyň aşygy.
― Aýdymmy, goşgy?!
― Goşgy.
― Ylham çeşmäňiz?!
― Tebigat, söýgi…
― Zähmete hyjuw döredýän zat?
― Ogullarymyň ösüşi.
― Dynç alyşy nähili guraýaňyz?
― Dostlarym, kärdeşlerim bilen tebigata çykýaryn.
― Ýoldaş, alypbaryjy sag bol, beren gürrüňleriňiz üçin, işleriňde üstünlik, durmuşda diňe abraý gazan, jan saglyk hemraň bolsun!
― Sag boluň, ählimize ýagşy günler...
«TürkmenGazet».