Habarlar

Türki dünýäsiniň üçünji kinofestiwaly geçirildi

14-10-2023 / 5

2023-nji ýylyň 8–11-nji oktýabry aralygynda Azerbaýjanyň Baku şäherinde  «Şuşa – türki dünýäsiniň medeni paýtagty» ýylynyň çäklerinde «Gorkut ata» türki dünýäsiniň üçünji kinofestiwaly geçirildi.

Festiwalyň esasy maksady Türki halklaryň arasyndaky bitewüligi hem-de medeni hyzmatdaşlygy berkitmek, audiowizual giňişligi döretmek we olarda türki halklaryň täsirliligini ýokarlandyrmakdan ybaratdyr. Kinofestiwala 100-den gowrak türki halklaryň kinomatograflary gatnaşdy. «Nyzamy» kino merkezinde geçirilen festiwalda 40 töweregi çeper, dokumental we animasion filmler görkezilipdir.

Ýapylyş dabarasynda çykyş eden TÜRKSOÝ guramasynyň baş sekretary Sultan Raýew şeýle kinofestiwallaryň yzygiderli geçirilmeginiň netijesinde türki dünýäsiniň filmlerini giňden wagyz etmek üçin ajaýyp mümkinçilik bolup durýandygyny belledi. Geljekde-de şeýle festiwallaryň geçirilmegine goldaw berjekdigini mälim etdi.

Kinofestiwalda «Iň gowy aktýor» baýragy Türkmenistanyň sungat işgäri Ahmet Amandurdyýew gowşuryldy. Ýatlap geçsek, bu ugurdaky baýraga Türkmenistanyň halk artisti Çaryýar Seýitliýew hem mynasyp bolupdy.

«Gorkut ata» halkara kinofestiwaly 2021-nji ýylda ilkinji gezek Stambul şäherinde, geçen 2022-nji ýylda bolsa bu festiwal Bursa şäherinde dabaraly ýagdaýda geçirilipdi.

Perhat HOJAMOW,
TOHI-niň Gidromeliorasiýa we oba hojalygyny mehanizmleşdirmek fakultetiniň Tehniki hyzmatyň guralyşy we tehnologiýasy hünäriniň 1-nji ýyl talyby.

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu