Dubaýda Ginnesiň rekordy täzelendi. Bu ýerde çuňňur täsir galdyrýan iň uly interaktiw yşyk şüweleňi açyldy. Daşyňy täsinlikler bilen gurşap alýan dürli öwüşginler sanly şekiller bilen baýlaşdyrylan funksiýalara eýe bolan planşetiň kömegi bilen gazanylýar. Bu ýere gelýän jahankeşdeler özi täsin gurşawyny özleri döredip bilerler.
«Al Wasl» ady bilen tanalýan gümmez dürli konsertleridir çykyşlary guramak maksady bilen gurlupdyr. 24 müň inedördül metrden gowrak bolan desga ähli tarapdan duýgur displeý bilen enjamlaşdyrylandyr.
Ginnesiň rekordlar kitabynyň resmi emini Alwalid Osman gümmeziň binagärlik taýdan gözelligini synlap görenler üçin aýratyn özüne çekijidigini aýdýar.
Söýün SAPAROW,
TOHI-niň Agronomçylyk fakultetiniň Agronomçylyk hünäriniň 1-nji ýyl talyby.