Siziň üçin...Slider

Sambo – özüňi ýaragsyz goramak

12-10-2023 / 4

Sportuň bu görnüşine dürli sözlüklerde şeýle kesgitlemeler berilýär:

«Ýaragsyz öz-özüňi goramak tälimi, çylşyrymly göreşiň bir görnüşi».

«Sambo  (özüňi ýaragsyz goramak) – esasynda milli göreşleriň has netijeli usullary bolan sport göreşi».

Sambonyň watany Moskwa şäheri bolup, 1938-nji ýylyň 16-njy noýabrynda düýbi tutulýar.   Anatoliý Harlampiýew, Wasiliý Oşşepkow, Wiktor Spiridonow dagy bu sport görnüşiniň esaslandyryjylary hasap edilýär. 1966-njy ýylda sportuň halkara görnüşi diýlip yglan edilýär. 1980-nji ýylda Olimpiýa oýunlarynyň maksatnamasyna girizilýär. Sportuň bu görnüşi Türkmenistanda 1965-nji ýyldan köpçülikleýin ýaýrawa eýe bolýar.

Samboda dik durup göreşilýän wagty  çilşirmek, kakmak, dyza götermek, badak atmak, göterip döşüň üstünden arkan zyňmak, aýagyndan almak kimin emelleri has-da ýörgünlidir. Pälwanlar ýere ýykylyp, göreşi dowam etdirýän pursatynda bolsa, garşydaşyňy arkan ýatyryp saklamak, onuň aýagynyň hem eliniň bogunlaryny agyrdýan emelleri ulanyp bolýar.

Sambo – diňe  saglygyňy berkidýän sport göreşi bolman, ol ahlak we terbiýe düzgünlerini hem özüne birleşdirýär. Sambo bilen meşgullanmak – erkiňi taplamaga, durnukly häsiýetleriň kemala gelmegine, çalasynlygy, çydamlylygy ösdürmäge ýardam edýär. Watanyňy, maşgalaňy goramakda özüňe bolan ynamyňy artdyrýar.

Bu sport göreşi  bilen terbiýelenen türgenler Beýik Watançylyk urşunda  has-da tapawutlanyp, gahrymanlarça söweşipdirler. Olar  söweş ordenleri we medallary bilen sylaglanypdyrlar. Samboçylaryň köpüsi Sowet Soýuzynyň Gahrymany diýen iň ýokary sylaga eýe bolýarlar.

Ýurdumyzda sportuň sambo görnüşine uly üns berilýär. Biziň türgenlerimiz halkara ýaryşlaryna gatnaşyp,  ýokary üstünliklere eýe bolýarlar.

Çary MÄMEDOW,
Saýat etrabynyň 1-nji sport mekdebiniň dzýudo boýunça tälimçisi.

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu