2023-nji ýylyň 11—13-nji oktýabry aralygynda Türkiýäniň Izmir şäherinde «Ýewrowelo — 2023 we welosipedli syýahatçylyk» maslahaty geçirilýär. Bu barada «newscentralasia.net» saýty habar berýär. Maslahatyň geçirlmeginiň baş maksady bolsa Ýewropada welosiped syýahatçylygyny ösdürmekden ybarat bolup durýar.
Bilşimiz ýaly, Türkiýe welosiped we durnukly syýahatçylygy ösdürmek maksadyndan ugur alyp, «Welosipedliler üçin amatly ýaşaýyş desgalary» atly şahadatnamany bermek boýunça taslamany üstünlikli durmuşa geçirýär. Maslahata gatnaşýan ähli hünärmenler ýokarda ady agzalan şahadatnama eýe bolan myhmanhanalardyr.
Maslahaty Türkiýäniň Medeniýet we syýahatçylyk ministrligi, ministrligiň ýanyndaky Türkiýäniň Syýahatçylygy mahabatlandyrmak we ösdürmek boýunça müdirligi (TGA) we Ýewropanyň Welosipedçiler Federasiýasy (ECF) bilen hyzmatdaşlykda, Izmir şäher munisipalitetiniň howandarlygy tarapyndan guralýar. Maslahat «Mirasa täze garaýyş: Welosiped sporty» diýen, şygar astynda geçirilip, çärä bu ugurda zähmet çekýän bilermenleriň, syýahatçylyk we ulag kärhanalarynyň, degişli pudak edaralaryň, myhmanhanalaryň wekilleriniň, şeýle hem bu ugur bilen gyzyklanýan taraplaryň gatnaşmagynda geçirilýär.
Meýlis SADYKOW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň Halkara žurnalistikasy fakultetiniň 4-nji ýyl talyby.