Siziň üçin...Slider

Türkmenistanyň lukmançylyk ylmynyň taryhyndan

11-10-2023 / 5

Meşhur alym Ibn Sinanyň «Kitab al-kanun fit-tybb» (Medisinanyň kanuny) atly eserinde derman-däri ýasamagyň 2600 usulynyň 1400-siniň ösümlikler bilen bagly bolmagy, dünýämiziň ösümlik örtügüniň adam saglygy üçin örän wajypdygynyň subutnamasydyr. Ösümlikler gadym eýýamdan bäri diňe bir keselleri däl, eýsem, ten şikesleriniň hem bejerilmeginde mälim bolupdyr. Ýurdumyzyň gadymy ýadygärlikleriniň mis we bürünç eýýamlaryna degişli  medeni gatlaklaryndan tapylan mermerden ýasalan soky daşlarynyň, alymlaryň «sürmedan» diýip atlandyrýan kiçi göwrümli küýzejikleriniň diňe bir kosmetiki funksiýalary bolman derman ýasamak we saklamak üçin ulanylan bolmagynyň ähtimallygy hem uludyr.

Antropologik barlaglar döwük bejermekde adamzadyň biliminiň mundan 70-30 müň ýyl öň hem ýokary derejede bolandygyny görkezdi. Takmynan Nuh eýýamyndan 60-20 müň ýyl öň ýaşan neondertal adamlarynyň galyndylary öwrenilende, olaryň döwlen süňklerindäki süňk kesmekleriniň 70 göteriminiň kanagatlanarly bitenligi anyklanyldy. Bu maglumat iň gadymy döwürlerde hem adamlaryň süňkleri dogry salmagy başarandyklaryndan habar berýär. Döwük-ýenjik bejermekde Orta asyr alymlarynyň gazananlary has kämilleşipdir, IX asyrda ýaşan alym lukman Abul Hasan at-Taberi döwülen süňkleri gips daňysy bilen seýiklemegi ylmy dolanyşyga girizýär. Hirurgiýada pagtanyň we ketkut (goýun içegelerinden ýasalan) ýüpüniň ulanylmagynyň peýdalaryny aýan edýar. Onuň bu taglymaty döwrüniň ussat hirurgy Abul Kasym al-Zahrawi (936-1013) tarapyndan amal edilip, ketkut hirurgiýanyň tejribeçiligine girizilýär. At-Taberi çaga lukmançylygynyň ilkinji alymy hasaplanýar. Ol öz eserlerinde çaganyň beden tarapdan kämilleşişine we onda ýüze çykýan näsazlyklaryň ýörite bejeriş usullaryny beýan edýär. At-Taberiniň okuwçysy Abu Bekr ar-Razi adamyň elýeter dermanlar we usullar arkaly öz-özüne berip biljek ilkinji kömegine bagyşlanan eserleriň ýazarydyr.

Lukmançylygyň kämilleşmegi watan goragçylary bolan esgerleriň jan saglygyna seredilmeginde, ýaralaryň dogry we kemsiz bejerilmegine hem oňaýly täsir edipdir. Şol döwrüň köp sanly lukmançylyk mekdeplerinde ýetişýän lukmanlar we tebipler söweş wagty esgere tiz lukmançylyk kömegini beripdirler. Öz wagtynda kömek berilmegi köp esgerleriň janyny halas edip, goşunyň söweşjeň ukybyny  uzak wagt saklamagyna ýardam beripdir.

Orta asyr alymlarynyň lukmançylyk ylmyna goşan goşandy uludyr. Jelaleddin Hydyryň dogry iýmitlenmek hakda «Dertlere derman», Ýadygär ibn Şeribiň adamy gurşaýan zatlaryň onuň saglygyna täsiri we dogry ulanylmagy barada «Tybby ýadygär», at-Taberiniň «Ferdewsil Hikme» ýaly umumy saglygy saklaýyş degişli eserleri bar.

Söwdanyň ösmegi bilen ylmy kitaplaryň hem giň dünýäniň bir künjünden beýleki künjüne ýetirilmegine oňaýly täsir edipdir. Bu ugurdan Beýik Ýüpek ýolunyň bitiren hyzmaty örän uly bolupdyr. Kitaplaryň ýurt gezip, baran ýerlerinde göçürilip köpeldilmegi olaryň biziň günlerimize gelip ýetmegine sebäp bolupdyr.

Gülaýym MEREDOWA,
Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň 1-nji ýyl talyby.

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu