Taryhy maglumatlara görä, Barbad Merwezi Orta Aziýa we umuman, Gündogar halklarynyň yslamdan öňki döwrüniň nusgawy sazynyň düýbüni tutujy bolupdyr. Alymlaryň we sungaty öwrenijileriň çaklamalaryna görä, Barbad Merwezi gadymy Merwde doglup, takmynan, 588-638-nji ýyllarda ýaşapdyr. Onuň ady Fahlabad, Parbat, Berbad, Barbud ýaly dürli görnüşlerde beýan edilýär.
Barbad Merwde öz halypalaryndan aýdym we saz düzmegi öwrenip, kämillige ýetipdir. Zehinli ýaş sazanda baradaky habar uzaklara ýaýrapdyr we ol sasani şasynyň köşgüne çagyrylypdyr. Ol 590-628 ýyllarda, 25-30 ýaşlarynda Hysrow II Pöwriziniň köşgünde sazanda bolupdyr. Gysga wagtyň dowamynda ol ýedi dessandan ybarat bolan “Husrawanik” (,,Şanyň dabaraly aýdymlary”) atly uly saz toplumyny hem-de 360 sany dini dabaraly aýdymlary döredipdir. Ony diňläp gören Hysrow şa Barbady öz imperiýasynyň sazandalarynyň ýolbaşçysy edip belläpdir we oňa “beýik ussat” diýen ady beripdir.
Barbadyň ýerine ýetirijilik ussatlygy Nyzamynyň “Hysrow hem Şirin” eserinde has-da ýokary çeperçilik bilen suratlandyrylýar. Onda şeýle setirler bar: “Şeýle hoş labyzda saýranda Barbad, Ýokdur asla oň deňinde durjak zat”.
Üç ýüz ýyl geçenden soňra arap geografy al-Istahri ony Merwiň şöhratly ýaşaýjylarynyň hatarynda atlandyrypdyr we “Barbud atly sazanda aýdym we saz bilen meşgullanyp, ol beýlekilerden ökde bolupdyr” diýip belläpdir. Ýene-de birnäçe ýüzýyllyklardan soň taryhçy Hamdulla Kazwini Hysrow şanyň köşgünde merwli ajaýyp sazanda Barbadyň bolandygy barada ýazypdyr. Käbir çeşmelerde gadymy çirtilip çalynýan kirişli saz guraly “barbud” diýlip atlandyrylypdyr. Gündogary öwreniji A.Kristensen Barbady Gündogar ýurtlarynyň nusgawy saz sungatyny döredijileriň biri hökmünde ýatlaýar. Ol taryhy çeşmelerden merwli beýik ussadyň 148 sany eserini tapypdyr. Şeýlelikde, Barbad ussat sazanda, aýdymçy, kompozitor, şeýle-de nazaryýetçi hökmünde hem şöhratlanypdyr. Barbad Merweziniň döredijiligi soňky asyrlaryň saz sungatynyň ösmegine ýokary derejede täsir edipdir.
Enejan GARAJAÝEWA,
TOHI-niň Weterinar lukmançylygy fakultetiniň Maglumat ulgamlary we tehnologiýalary hünäriniň 3-nji ýyl talyby.