Karar
Az salym goşgy-da ýazmaýyn diýdim,
Ýazsam, sözlem ak kagyzy otlajak.
Ünsüm sowjak bolup alsam galamy,
Duýgularym ýene seni ýatlajak.
Senli ýodalarda gezmäýin diýdim,
Gezsem, aýak saňa tarap ätlejek.
Mundan ýöremäýin, hakykat aýan,
Ol ädimler indi bagta eltmejek.
Saňa-da bir zady sözläýin diýdim,
Ýatlamalaň artyk ömrüm gätmejek.
Dolanmagy dolama:ly yzyna,
Şundan beýläk her kim bir ýan ätmeşek.
Bu gün baryn jemläp geldim karara,
Ýok, bir däl, birnäçe kagyz otlajak.
Goý, alawlap ýansyn, şol ot bilenem
Saňa bagly geçmişimi ýoklajak…
***
Sen henizem…
Eliňe degmedik bolmaly asla,
Ýanyp duran otluçöp hem tötänden.
Ýogsa kalpda otlamazdyň tamamy,
Düýnden köräp durlar «wahlar», «mikänler».
Bu gün saňa duşdum, gussaly keşbiň,
Dyz epmän gideniň galan ýadymda.
Sen henizem aýak üstde ekeniň,
Oturmaga ornuň bardy ýanymda…
***
Ahwal
Kalpda ot uçguny damjalar bilen
Bir bedende. Ynha, başlady darkaş.
Diňe sen derdimi aňan bolmaly,
Ýagşyňy ýagdyryp, tebigat gardaş.
Sen bu gün ne beýle alňasap dursuň,
Ýa has ýanmagymdan heder etdiňmi?
Başgalara aýan bolsa ahwalym,
Söýmek hem söýülmek ýiter öýtdüňmi?
***
Şahyrlar bir gezek söýýän däldirler,
Olar aşyk bolýa gaýta-gaýtadan.
Ejizdir olaryň gorag galkany,
Gözellikden gaýdan ýiti naýzadan.
Kä ýapraga, käte güllere aşyk,
Hatda tikeni-de söýüp göýbärler.
Gorkmaz öz kalbynyň ynjamagyndan,
Ajyny-süýjini duýup görýäler.
Eger gijelere aşyk bolsalar,
Gökden ýyldyzlaram alasy geler.
Arşda Aýy bagra basaýyn diýip,
Kä olaň Gagarin bolasy geler.
Garaz, ýekän-ýekän sanap çykardan,
Olaryň söýjegi şeýle kändirler.
Şahyr her gün bu barlyga aşykdyr,
Şoň üçin bir gezek söýýän däldirler.
Kerim ATÇAPANOW.