Siziň üçin...Slider

Myhmançylyk edebi: myhmanyň ýerine ýetirmeli borçlary

09-10-2023 / 9

Myhman hem arassa we gelşikli geýinmelidir. Myhmançylyga gidilende öňünden habarlaşmaly. Emma myhmançylyga barlanda, hökman öňünden habar beräýmeli diýen düzgün ýokdur. Bu diňe öý eýesini kyn ýagdaýda goýmazlyk üçin edilýändir. Barjak öýüňi öňünden habardar etmek edeplilikdir. Eger-de myhmançylyga baryljak wagty kesgitlenen bolsa, şol wagtda barmalydyr. Ir ýa-da giç barmak dogry däldir.

Türkmençilikde myhmanlyk üç gündür, ondan artygy sadakadyr diýilýär. Bu düzgüne esaslanyp, halk arasynda “Myhmanyňky – üç gün, üç günden soň göçgün” diýen nakyl dörändir. Şonuň üçin myhman ýerini irizmeli däl. Eger üç günden soňam şol öýde galynmaly bolsa, onda öý eýesiniň hojalyk işlerine kömekleşmeli.

Myhman baran ýerinde islänini edip ýörmeli däldir. Oturanyňda köp girip-çykylýan gapa seredip däl-de, oňa arkaňy öwrüp oturmak has edeplilikdir. Bu öýüň aýal-gyzyna gözüň düşüp durmazlygy üçin edilýändir.

 Myhman hödür edilen zada göwnüýetmezçilik etmeli däldir. Eger halamaýan zady bar hem bolsa, ony aňdyrmajak bolmalydyr ýa-da: «Şu zady men öýümde-de iýip bilmeýärin», «Bu maňa ýaranok», «Berhiz tutýaryn» diýen ýaly sypaýyçylyk etmelidir.

Myhman bolup ýatymlyk gelnende, öý eýesiniň görkezen ýerinde oturyp, ýatyp-turmaly. “Men daşarda oturjak” ýa-da “başga jaýda ýatjak” diýip, myhman ýerini artykmaç alada goýmaly däl.

Myhmançylykdan öz wagtynda turmaly, öý eýesi bilen hoşlaşyp, çakylyk we hezzet-hormat üçin minnetdarlyk bildirmeli. 

Ogulgerek ATAŞEWA,
Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň 3-nji ýyl talyby.

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu