
Meşhur amerikan modeli Kendall Jenner hem-de Puerto Rikanyň meşhur aýdymçysy Bad Bunny jübütleri, italýan moda ägirtlerden biri bolan «Gucci» -niň syýahat kolleksiýasynyň mahabat keşpleri boldy.
Aşyklar italýan moda ägirdi «Gucci» -niň 2023-nji ýyldaky mahabat kompaniýasy üçin moda we syýahaty özüne çekiji görnüşde goşýan goş-golam kolleksiýasyny hödürledi.
«Gucci»-niň «Sawoý» we «GG Supremeokary» kolleksiýalaryndan geýnen jübütler, mahabatlandyryş suratlary üçin adaty howa menzilini modanyň merkezine öwürdi.
Gyzyl we ýaşyl zolaklar bilen bezelen goş sumkalary kaşaň markanyň syýahat zerurlyklary üçin täze gözýetimi açyp görkezýär.
«TürkmenGazet».