SliderTrend we gözellik

Döwrüň iň meşhur modelleri žurnalyň baş sahypasynda

09-10-2023 / 16

«Vanity Fair» 1960 – 1990-njy ýyllar aralygynda özüni tanadan 21 sany dünýä belli supermodelleri bir ýere jemlemegi başardy.

Dünýäniň iň ajaýyp modelleri žurnalyň «gözellik mifologiýasy» soragy astyna alýan Ýewropa neşiriniň täze sany üçin birleşdiler.

«Vanity Fair» -yň moda meselesinde ýaşyň tapawudynyň ýokdugyna ünsi çekip Helena Kristensen (54), Sindi Krawford (57), Ewa Herzigowa (50), Naomi Kempbell (53), Karla Bruni (55), Klaudiýa Şiffer (53) ýaly modellere orun berdi.

Şeýle-de, şan-şöhraty 1960 – 1990-njy ýyllar aralygynda bütin dünýäde ýaýran beýleki modelleriň atlary: Kristen Mak Menamy, Elisabetta Dessi, Kristi Turlington, Şalom Harlow, Penelope, Lauren Hatton, Iman, Milla Owowowiç, Amber Walletta, Pat Kliwlend, Stefani Seýmur, Kerolin Merfi, Kirsten Owen hem-de Paulina Porizkowa.

Merjen ATAÝEWA,
TOHI-niň Weterinar lukmançylygy fakultetiniň Weterinar lukmançylygy hünäriniň 1-nji ýyl talyby.

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu