Tans sungatynyň iň gadymy ojagy Hindistan hasaplanylýar. Hindi tanslary beýleki milletleriňkiden düýpgöter tapawutlydyr. Bu tanslarda her bir hereket, her bir bakyş aýratyn manyny aňladýar.
XII asyrda döredilen «Abhinaýa Dapranam» atly resminamada her bir adamyň içki duýgusynyň, oturyp-turşunyň, böküşiniň, ýöreýşiniň aňladýan manysy barada doly durlup geçilýär. Mysal üçin, iki eliň biri-birinden ýapyşyp durmagy dostlugy alamatlandyrýar.
Hindilerde diňe gözleriň üsti bilen düşündirýän wakalar we rowaýatlar bar. Mysal üçin, «pritte» diýlip atlandyrylýan tansda ýerine ýetiriji goşarlarynyň we ökjeleriniň sazlaşygy esasynda tomaşaçylara bir şatlykly habary buşlaýar. Niritýa tansynda bolsa, hereketler üýtgemän, belli bir sazlaşyga görä ýöremegi, haýsydyr bir pursatda doňup galmagy bilen belli bir waka gürrüň berilýär.
1947-nji ýylda Garaşsyzlygyny gazanan Hindistanda tans sungaty has hem gülläp ösüpdir. Häzirki döwürde hindi halkynda tans etmegiň esasy on görnüşi döwlet tarapyndan ykrar edilýär. Muňa seretmezden, ýaşaýan ştatlaryna görä, hindi tanslary kathak, manipuri, odissi, kuçipudi, mohiniattam, bharatnatýam, kathakali ýaly görnüşlere bölünýär. Beden näzikliginiň, ýürek tolgunmalarynyň beýany bolan milli tanslary hindi halkynyň baý milli mirasynyň beýanydyr. Şeýle ýakymly aýdym-sazlary bilen hindi filmleri hem dünýä meşhurdyr.
Gözel SÄHEDOWA,
TOHI-niň Agronomçylyk fakultetiniň Agronomçylyk hünäriniň 1-nji ýyl talyby.