2023-nji ýylyň fizika boýunça Nobel baýragy «elektronlaryň materiýadaky hereketini öwrenmek üçin attosekunt ýagtylyk impulslaryny döredýän synag usullaryny» tapandygy üçin Pýer Agostina, Ferens Krausa hem-de Ann L’Ýuile gowşuryldy.
Täze tapylan bu usul ozal yzarlap bolmaýan prosesleri öwrenmäge uly mümkinçilik beripdir. Fizika boýunça Nobel komitetiniň başlygy Ýewa Ulssonyň bu barada şeýle diýýär: «Indi biz elektronlar dünýäsine tarap gapy açyp bilýäris. Attosekunt fizikasy elektronlaryň dolandyrýan mehanizmlerine düşünmäge mümkinçilik berýär. Indiki ädim olaryň ulanylyşy bolar».
Attosekunt impulslary – dürli molekulalary kesgitlemek üçin ulanylyp bilner.
Žahan MIRABOWA,
TOHI-niň Agronomçylyk fakultetiniň Agronomçylyk hünäriniň 1-nji ýyl talyby.