Siziň üçin...Slider

Himiýa boýunça Nobel baýragynyň eýeleri

08-10-2023 / 3

2023-nji ýylyň himiýa boýunça Nobel baýragynyň laureatlary yglan edildi. Baýragyň ýeňijileri amerikaly Mungi Bawendi we Luis Brýus hem-de russiýaly Alekseý Ýekimow bolup, baýrak «kwant nokatlarynyň açyşy we sintezi üçin» berilendir.

Himiýa boýunça Nobel komitetiniň başlygy Ýohan Okwist: «Kwant nokatlarynyň köp sanly gyzykly we üýtgeşik aýratynlyklary bolup, olaryň ölçegine baglylykda dürli reňklere eýe bolýandygyny bellemek möhümdir»  diýip, aýdýar.

Kwant nokatlary – nanobölejikler bolup, olaryň ölçegi aýratynlyklary kesgitleýär. Olar QLED tehnologiýasy boýunça yşyk diodlary, telewizorlaryň displeýleri üçin ulanylýar. Gözlegçiler geljekde kwant nokatlarynyň çeýe elektronikalarda, kiçijik datçikleri, has inçe Gün elementlerini we şifrlenen kwant aragatnaşygyny döretmäge ýardam etjekdigini çaklaýarlar.

Selbi KAHAROWA,
TOHI-niň Agronomçylyk fakultetiniň Agronomçylyk hünäriniň 1-nji ýyl talyby.

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu