
Adatça, awiakompaniýanyň oturgyçlary diňe birinji we işewür synp ýolagçylary üçin elýeterli. Ýöne howa ýoly 2024-nji ýylyň sentýabrynda howa ýoly ýolagçylary üçin krowat konsepsiýasy bolan «Skynest»-i ýola goýanda, Täze Zelandiýanyň käbir howa gatnawlarynda bu ýagdaý üýtgär.
Howa gatnawy tarapyndan berlen maglumata görä, alty sany gämi uzak aralykdaky ugurlarda ykdysadyýet bilen premium ykdysadyýet kabinalarynyň arasynda ýerleşer. «Skynest»-iň amatlyklarynda USB zarýad beriş portlary, okalýan yşyk, gulaklykar, doly ölçegli listler, ýorgan hem-de ýassyk bolar. Şeýle-de, düşekleriň bortdaky howpsuzlyk protokollaryna laýyk gelýändigine göz ýetirmek üçin howpsuzlyk kemerleri ýerleşdiriler.
«Täze Zelandiýa» howa menziliniň baş direktory Greg Foran çykyşynda: «Biz uky, rahatlyk we saglyk meselesinde hiç zat etmedik, sebäbi müşderilerimiziň dynç almagynyň näderejede zerurdygyny bilýäris» diýip belledi.
Awiakompaniýanyň eýeçiligindäki birnäçe «Boeing 787» uçary täze uky otaglaryna ýer bermek üçin abatlanýar. Kabinany döwrebaplaşdyrmak Boeing desgasynda amala aşyryljak bolsa, «Skynest» diňe Täze Zelandiýada öndüriler.
«Air New Zealand» 2022-nji ýylda dünýäde ikinji orunda durýan awiakompaniýanyň hataryna goşuldy.
Eneş AHMEDOWA,
TOHI-niň Agronomçylyk fakultetiniň Agronomçylyk hünäriniň 1-nji ýyl talyby.