Şu ýylyň 2 — 5-nji oktýabr aralygynda Birleşen Arap Emirlikleriniň Abu-Dabi şäherinde «ADIPEC 2023» sergisi öz işini üstünlikli tamamlady. Her ýyl bir mowzuga bagyşlanyp geçirilýän serginiň energiýa bilen baglanyşykly tehnologiýalary, innowasiýalary, hyzmatdaşlygy we sanlaşdyrmagy öz içine alýar.
Geçirilen bu sergä ýurdumyzyň «Türkmengaz», «Türkmennebit» döwlet konsernleri hem-de «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasy tarapyndan ýangyç-energetika toplumynyň wekilleri işjeň gatnaşdylar.
ADIPEC (Abu Dhabi International Petroleum Exhibition and Conference) – energetika toplumynda iň iri wekilçilikli geçirilýän çäreleriň biri bolup, oňa dünýäniň 28 döwletden 2200-den gowrak kompaniýalar gatnaşýar. Serginiň çäklerinde işewür giňişligiň wekilleri ikitaraplaýyn söwdany we innowasiýalary ösdürmek üçin meseleleri, bazar ýörelgelerini ara alyp maslahatlaşýarlar.
Pena ÝUSUPOW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň Halkara žurnalistikasy fakultetiniň talyby.