Ilkinji gatnaw howa ýoly Türkmenistanyň awiasiýasynyň taryhynda 1927-nji ýylda Çärjew (häzirki Türkmenabat şäheri) şäherini Dortgul we Täze-Ürgenç arkaly Daşoguza baglaýan birinji howa ýolunyň açylmagy bilen ýüze çykýar.
Şol döwürlerde bu howa ýolunda Çärjew awiakompaniýasy Germaniýa döwletinden satyn alnan dört orunly Junkers «Ýu-13» ýolagçy uçaryny we Sowet Soýuzynda işläp çykarylan «K-4» uçaryny peýdalanypdyrlar. Jemi sekiz sany uçar hereket edipdir. Türkmenistanyň raýat howa floty täze Sowet ýolagçy uçarlary bilen doldurylandan soň, 6 orunlyk «K-5s» we 12-orunlyk «ANT-9» gatnaw uçarlary ulanylýar. Şonuň esasynda 1932-nji ýylda Çärjew aeroportynda Çärjew — Taşauz howa ýolunda aralyk howa meýdançalary bolmazdan göni hyzmat edýän howa bölümi döredildi.
Aşgabatdaky ilkinji aeroport 1932-nji ýylda döredilýär. 1934-nji ýylyň ahyrynda bolsa şol ýerde iki sany awiasiýa bölümi döredilýär. Biri «Po-2» uçary bilen gatnawy amala aşyrýan bölüm (oba hojalygynda ulanmak üçin), beýlekisi «TB-3» uçary bilen gatnaw amala aşyrýan bölümi (ýük daşamak üçin) bolupdyr. Dört orunly «TB-3» uçarlary Garagum çölüne uçup, Derwezäniň kükürt känlerine (işçilere azyk, suw, şeýle-de beýleki enjamlar hem-de bellibir derejede kükürt daşap) hyzmat edipdir. Türkmenistanda ilkinji gezek ulanylan «T-2» uçary bir uçuşda bäş tonna çenli ýük göteripdir. Ýük daşamak boýunça 1938-nji ýylda «T-2» kysymly uçarlar bölümi SSSR–de, bütin dünýäde-de raýat awiasiýasynyň bölümleriniň arasynda birinji ýeri eýeläpdir.
1935-nji ýylda Darganata kükürt zawodyny, Derwezäni, Leninsk, Köneürgenç hem-de Daşoguz şäherlerini birleşdirýän Aşgabat — Daşoguz howa ýoly açylýar. 1935-nji ýylyň dekabr aýynda Türkmenistanda howa ýolunyň uzynlygy iki müň kilometrden gowrak bolan ýolagçy gatnaw floty döredilýär. Şonuň bilen birlikde Daşoguz, Krasnowodsk (häzirki Türkmenbaşy şäheri) şäherlerinde ýurduň iň çetki welaýatlaryna we obalaryna gatnaýan «Po-2» ýeňil uçarlary peýda bolýar. 1944-nji ýylda Türkmenistan gatnaw howa ýollary Moskwa, Baku, Astrahana we Wolgograda ýolagçy we poçta gatnawlaryny «Li-2» uçary arkaly amala aşyrmagy ýola goýýar. Uruşdan soňky ösüşde 1946-njy ýyldan bäri SSSR-iň we Türkmenistanyň howa ýollarynda «Il-12», «Il-14», «An-2», «Ýak-12» ýaly sowet uçarlary hereket edipdir. 1956-njy ýylyň sentýabr aýynda ilkinji «Tu-104» ýolagçy uçarlary bilen raýat gatnawlary ýola goýulýar. Şondan soňra ýurduň awiakompaniýalarynda «Tu-114», «Il -18», «An -24» uçarlary peýda bolýar.
Güýçli ýokary derejeli howa gämileri Türkmenistany SSSR-iň iň uly administratiw we medeni merkezleri, kärdeşler arkalaşyklarynyň paýtagtlary, dynç alyş we beýleki turistik şäherleri bilen howa arkaly aragatnaşygyny ýola goýmaga mümkinçilik döredýär. 1950-nji ýylyň başyndan dikuçarlar halk hojalygynda giňden ulanylyp başlanýar. Uçarlaryň köpüsi oba hojalygynda baglary dermanlamakda, şeýle-de pagtany defolýasiýa etmekde giňden peýdalanylýar.
1960-njy ýylyň ahyrynda Türkmenistan ýolagçylary uzak aralyklara daşamakda aýgytly ähmiýete eýe bolýar, sebäbi uçar flotunyň ýolagçy sany we ýük göterijiligi artýar, howa gatnawynyň tizligi ep-esli ýokarlanýar. Köpçülikleýin transport ulagyna öwrülen howa uçarlarynyň gatnawy ep-esli artdyrylýar. 1961-nji ýylda demir ýol transportynda ýolagçylaryň 2,1, awtomobil transportynda 3,4, howa transportynda bolsa 3,6 esseden gowrak artýar. 1981-nji ýylda Türkmenistan awiasiýasynyň milli ähmiýetli howa ýollarynyň uzynlygy 24 müň kilometre deň bolupdyr.
Häzirki wagtda Türkmenistan daşary ýurtlar bilen ykdysady, medeni we ylmy aragatnaşyklarynyň ýygjamlaşdygyça, howa-transport ýollary-da barha giňäp barýar. Ondan başga-da ýurdumyzda dürli kysymly daşary ýurt howa gämileriniň täze görnüşleri bilen howa transporty arkaly yzygiderli daşary ýurtlara, şeýle-de içki gatnawlar üstünlikli amala aşyrylýar.
Jeýhun AMANBERDIÝEW,
Türkmenistanyň Inženertehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň Ulaglar fakultetiniň Howa ulaglarynyň ulanylyşy kafedrasynyň öwreniji-mugallymy.