Kataryň paýtagty Doha şäherinde «Expo 2023» halkara bagbançylyk sergisi açyldy. «Has gowy çöl, has gowy daşky gurşaw» şygary astynda geçirilýän sergide biziň ýurdumyz hem öz sergisi bilen çykyş edýär.
Halkara serginiň açylyş dabarasyna Kataryň Emiri Tamim ibn Hamad Al Tani, Birleşen Arap Emirlikleriniň Prezidenti Muhammed ibn Zaid Al Nahaýýan, Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew, Jibutiniň Prezidenti Ismail Omar Gelle, Tanzaniýanyň Prezidenti Samiýa Suluhu Hassan, Yragyň hökümet başlygy Muhammed Şia As-Sudani, Ýemeniň hökümet başlygy Main Abdel Malik, Ruandanyň hökümet başlygy Eduar Ngirente we beýleki birnäçe ýokary derejeli myhmanlar gatnaşdy.
Dabarada çykyş eden Kataryň hökümet başlygy Muhammed ibn Abdurrahman ibn Jasim Al Sani serginiň durnukly ösüş we halkara hyzmatdaşlygy üçin uly mümkinçilikdigini belledi.
Bu halkara gözden geçirilişde ýurdumyzyň sergi bölümi guraldy we 9-njy oktýabrda Türkmenistanyň milli gününi geçirmek meýilleşdirilýär. Bu sergi özara hyzmatdaşlygyň geljekki ugurlary, şeýle hem bu ulgamyň öňdebaryjy tejribelerini öwrenmekde amatly tejribe meýdançasydyr.
Söhbet ALLAÝEW,
TOHI-niň Gidromeliorasiýa hünäriniň 1-nji ýyl talyby.